Dark
Light
04.01.2026
p anq9gbi THE ASHGABAT TIMES

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli, awtobanyň Mary-Tejen-Aşgabat böleginde 335 kilometre welosipedli ýöriş geçiriler

27.05.2024
  • Bütindünýä welosiped güni mynasybetli, 3-nji iýunda Aşgabatda däp bolan köpçülikleýin welosipedli ýörişi guramak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem bu baýramçylyk mynasybetli 31-nji maý – 3-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleriniň gatnaşmagynda ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Tejen — Aşgabat böleginiň ugry boýunça 335 kilometr aralyga dört tapgyrdan ybarat welosipedli ýörişi geçirmek meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjiginiň “Welotrek” sport toplumynda 27-nji maý – 3-nji iýun aralygynda “Siz bilen sportda gadamlar batly,//Ak geljege ýörelgämiz Arkadag” atly welotrek boýunça Türkmenistanyň birinjiligini geçirmek göz öňünde tutulýar. “Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bular barada 25-nji maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Amannepesowyň Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek bedenterbiýe-sport we sagdyn-durmuş çärelerine taýýarlyk görlüşi hakyndaky hasabatynda aýdyldy.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, wise-premýere Bütindünýä welosiped gününi giňden hem-de dabaraly belläp geçmek üçin gowy taýýarlyk görülmegini, şeýle hem bu baýram mynasybetli Aşgabatda we ýurduň welaýatlarynda bedenterbiýe-sport çäreleriniň talabalaýyk geçirilmegini tabşyrdy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

haly 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi

mavz THE ASHGABAT TIMES
Next Story

TEKEŞIŇ ARAMGÄHI

Soňkylar Habar

«FLEX» maksatnamasy Amerika okuwa çagyrýar!

31.12.2025
Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär. «FLEX» ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bilim we medeni maksatnamalar Býurosynyň medeni alyş-çalyş maksatnamasy bolup, Türkmenistanda Halkara bilim boýunça
GitTop