Halkara çagalar güni her ýyl 30-dan gowrak ýurtda bellenilip geçilýär we iň gadymy halkara baýramçylyklarynyň biridir. Ony bellemek karary 1925-nji ýylda Ženewada çagalaryň abadançylygyna bagyşlanan Bütindünýä konferensiýasynda kabul edildi. Çagalar güni ilkinji gezek 1950-nji ýylda dünýäniň 51 ýurdunda bellenip geçildi. BMG bu pikiri goldady we çagalaryň hukuklaryny, ömrüni we saglygyny goramak ileri tutulýan ugurlaryň biri diýip yglan etdi.
Çagalar gününiň esasy maksady – köpçüligiň ünsüni çagalaryň meselelerine gönükdirmek. Çagalaryň ähli hukuklary we azatlyklary, BMG-nyň Baş Assambleýasy tarapyndan 1959-njy ýylda kabul edilen Çaga hukuklary jarnamasynda öz beýanyny tapdy. Bu hukuk – çaganyň reňkine, milletine, jemgyýetiniň gelip çykyşyna, emläk ýagdaýyna we ş.m. garamazdan terbiýe, bilim, durmuş üpjünçiligi, beden we ruhy ösüş babatynda çagalaryň deň hukuklaryny yglan edýär. Jarnama ähli ene-atalary, jemgyýetçilik guramalary çagalaryň hukuklaryny ykrar etmäge we olaryň durmuşa geçirilmegine bilelikde goldaw bermäge çagyrýar.
Bütin dünýäde çagalaryň durmuşyny gowulandyrmaga gönükdirilen dürli çäreleri amala aşyrýan haýyr-sahawat guramalary bar. Bütin dünýäde ýalňyz çagalara kömek etmek üçin dürli gaznalar hereket edýär. Şol guramalaryň biri hem – UNICEF fondy, 1946-njy ýylda döredildi. Onuň döredilmeginiň esasy maksady, ikinji jahan urşy döwründe ejir çeken çagalara kömek etmekdi. 1953-nji ýyldan başlap, bu gurama dünýädäki agyr durmuşda ýaşaýan çagalara haýyr-sahawat kömegi berip başlady.
Çemen GURBANNAZAROWA
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy