Dark
Light
07.01.2026
4 9 THE ASHGABAT TIMES

Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni

21.05.2024

Ynsanyň durmuşynda ähli taraplaýyn iýmitlenişinde, dem almagynda,suwsuzlygyny gandyrşynda tebigatyň ornunyň has uludygyny hemmäniz bilýäris. Gö­zel te­bi­ga­tyň adam­za­da ber­ýän äh­li gymmatlyklaryny göz öňünde tutup, äh­lu­mu­my ekolo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny we dur­nuk­ly­ly­gy­ny üp­jün et­meklik mak­sa­dy bi­len, her ýy­lyň 5-nji iýu­nyn­da Daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň Bü­tin­dün­ýä gü­ni bel­le­nil­ýär.

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni 1972-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan geçirilen maslahatdan bäri döwletleriň we halkara bileleşiginiň ekologik syýasatynda örän möhüm orun aldy.

Adam diňe daşky gurşawyň täsirine duçar bolman, eýsem onuň özi hem tebigata täsir edýär, gurşawyň şertlerini sazlaşdyrýar. Atmosfera howasynyň hapalanmagyny azaltmak, howanyň tämizligini üpjün etmek maksady bilen ýurdumyzyň ilatly ýerlerinde bagçylygy ösdürmek işleri giň gerimde alnyp barylýar. Şäherlerde, welaýat we etrap merkezlerinde köçeleriň gyralaryna dürli saýaly we miweli agaçlar oturdylýar ,pellere bolsa otjumak ösümlikler, dürli güller ekilýär. Munuň netijesinde atmosfera howasy kislorod bilen baýlaşyp, ol zäherli gazlardan, tozandan, mikroblardan arassalanýar. Gök agaçlar adamlary günüň ýiti şöhlesinden, güýçli ýelden, seslerden gorap, adam üçin amatly mikroklimat döredýär.

Häzirki döwürde ýüze çykýan tebigy hadysalar hem-de giňden ýaýbaňlanan çylşyrymly ýagdaýlar adamyň we tebigatyň özara baglanyşykdadygynyň aýdyň mysalydyr. Daşky tebigy gurşawy goramak babatda halkara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynyň zerurlygy hem häzirki zamanda döwletleriň biri-biri bilen baglanyşykly, köp sanly ekologik meselelere sezewar bolmagy bilen şertlenýär. Ýer şarynyň ozon gatlagynyň bozulmagy, howanyň maýlamagy, atmosferanyň we Dünýä ummanynyň hapalanmagy, tebigy serişdeleriň möçberiniň azalmagy, daşky gurşawyň radioaktiw we beýleki zyýanly maddalar bilen hapalanmagy diňe bir aýry-aýry ýurtlara däl-de, eýsem, ýurtlarynyň ählisine täsirini ýetirýär. Şol sebäpli häzirki wagtda döwletler BMG-niň howandarlygynda ýada ikitaraplaýyn esasda daşky gurşawy we tebigy baýlyklary goramak maksadynda hyzmatdaşlyk edýärler.       

Tutuş Ýer ýüzünde bolşy ýaly, Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni giňden bellenilýär. Türkmenistan döwletimizde diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny we gaýtalanmajak gözelligini geljekki nesiller üçin gorap saklamak, daşky gurşawyň ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna has hm üns berilýär. Ýurdumyzyň ykdysady we durmuş ulgamlarynda kabul edilen ähli iri milli özgertmeler maksatnamalary we meýilnamalary Durnukly ösüş maksatlarynyň ugurlary, şol sanda ekologiýa düzümi bilen berk utgaşýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň iki gezek biragyzdan kabul edilmegi-de aýratyn bellärliklidir. Munuň özi ýurdumyzyň halkara işjeňligini, dünýä döwletleriniň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge çynlakaý çemeleşýändiklerini hem-de ählumumy abadançylygy üpjün etmek ugrunda ylalaşykly hereket etmäge pugta ygrarlydyklaryny tassyklaýar.

Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet syýasatynyň hukuk binýadyny soňky ýyllaryň dowamynda kabul edilen Türkmenistanyň Suw kodeksi, «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ýerleriň meliorasiýasy hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary has-da pugtalandyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň türkmen tebigatyny bagy-bossanlyga büremek we gülzarlyga öwürmek ugrunda irginsiz aladalary ynsan saglygyna oňyn täsir edýän amatly daşky gurşawyň durnuklylygyny saklamagyň, adam bilen tebigatyň arasyndaky sazlaşygy üpjün etmegiň baş wezipeleriniň üstünlikli berjaý edilmegine ýardam edýär.

Suraý GÖKIÝEWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

646f0f87ad94c THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

OLIMPIÝA OÝUNLARY PARIŽE NÄÇE MILLIARD GIRDEJI GETIRER?

64f31e1ea622d775547621 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Magtymguly hakda alymlaryń sözlän sözleri

Soňkylar Makalalar

Çagalaryň gülküsi – dünýäniň bagty

06.01.2026
Çagalara aýratyn üns bermek, olar barada çäksiz alada etmek asyrlaryň dowamynda halkymyzyň mizemez ýörelgeleri bolmagynda galýar. Agzybirligiň hem-de jebisligiň nyşany bolan Täze ýyl baýramy

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň
GitTop