most isolated tree THE ASHGABAT TIMES

Diýarymyzyň ýaşyl dona bürenen – türkmen tebigaty

06.05.2024

Bahar paslynyň gelmegi bilen türkmen tebigaty gözel keşbe girýär. Türkmenistan döwletimiziň tebigaty baý hem özboluşlydyr. Diýarymyzda daşky gurşawa aýawly çemeleşmek Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde tokaý zolaklaryny döretmek, seýilgähleri giňeltmek baradaky başlangyçlar halkymyz tarapyndan giň goldawa eýe bolýar.
Ýurdumyzyň tebigat gözelligi durmuşymyza ýaraşyk berýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda her ýylda bag ekmek möwsümlerinde köpçülikleýin bag nahallaryny, saýaly we pürli agaçlaryň nahallaryny oturtmak dabaralary asylly däbe öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ajaýyp tebigatymyzy öwrenmek, goramak, ony baýlaşdyrmak meselelerine uly üns berilýär. Ýurdumyzyň şäherlerini, obalaryny gülläp ösýän bagy-bossanlyga öwürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Tebigat gözelliklerini gorap saklamak we ösdürmek babatda alnyp barylýan tutumly işler watanmyzyň, tutuş sebitiň ekologiýa derejesini gowulandyrýar. Halkymyzyň milli guwanjy we buýsanjy hasaplanýan gözel türkmen tebigaty umumyadamzat nesliniň gymmatly tebigy mirasydyr. Tebigat bilen adam aýrylmaz baglanyşyklydyr. Tebigat – bu gözelligi, mähremligi babatda hiç bir zat bilen çalşyp bolmaýan mukaddeslikdir. Şonuň üçin gözel tebigatymyzy goramak, arassa saklamak, oňa aýawly çemeleşmek, gözelleşdirmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

Merdan MÄMMEDOW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
prikladnaya geologiya 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Geologik surata düşürmek we kartalaşdyrmak işleri

629730c59aab7420 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýurdymyzyň Bilim ulgamynyň ähmiýeti

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop