Dark
Light
25.01.2026
620ff088f0b06900185e98a2 THE ASHGABAT TIMES

Dünýädäki iň gysga uçuş aralyklary

16.05.2024

Uçmak höwesi adamzat döräli köpleriň esasy arzuwynda bolup gelýär. Dürli dürli uçujy enjamlarydyr gurluşlary döreden alymlar ilkinji uçuşy howa şarynda synagdan geçirýärler. Emma häzirki wagtda uçarlaryň, dik uçarlaryň dürli görnüşleri syýahatçylaryň islendik isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilendir. Indi Ýer şarynyň bir nokadyndan beýleki nokadyna sanlyja sagatlarda barmak mümkinçiligi bar. Geliň dünýädäki iň gysga aralyklardaky uçuşlar bilen tanşalyň.

Bir ýarym minut dowam edýän iň gysga uçuş ýolunyň uzynlygy 2,73 km bolup, bu beýleki uçuş-gonuş zolaklarynyň uzynlygyndan hem azdyr. Şotlandiýanyň “Loganair” awiakompaniýasy Şotlandiýanyň demirgazyk kenaryndaky Westraý adalary bilen Papa Westraý adalarynyň arasynda sekiz orunlyk “Britten-Norman Islander” uçarynda ýarym asyr bäri şeýle uçuşlary amala aşyrýar. Bu uçuşlary esasan adanyň ýaşaýjylary gündelik zerurlyklary üçin ulanýarlar. Ýöne syýahatçylar we awiasiýa höwesjeňleri üçin iň halanýan ugur bolmagynda galýar.

Dünýädäki beýleki gysga uçuşlar:
Connemara – Inişmaan uçuş gatnawy. Irlandiýa degişli bolup, 18 km uzynlykly uçuş üçin 10 minut wagt gerek.
Keramatly Martin – Anguilla. Karib deňzindäki bu uçuşyň uzynlygy – 19,11 km bolup, bary-ýogy 10 minut dowam edýär.

Dünýäniň iň gysga howa ýollarynyň sanawyna başga bir gatnaşyjy Peterburgdan uçýan uçuşdyr. Dogrusy, ol Sankt-Peterburg şäherinden däl-de, ABŞ-nyň Alýaska ştatynda ýerleşýän Peterburg şäherinden uçýar. Uçar bu ýerden başga bir “rus” ady bolan bir ýere – şol bir adadaky Wrangele uçýar. Ýigrimi minudyň dowamynda 48 km ýoly geçýän bu gatnaw tebigy şertler üçin iň möhüm transport serişdesi hökmünde hasaba alnandyr.

Akmyrat ABAÝEW
Türkmenistanyň Döwlet
energetika institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

27032024theoreticalmechanics THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Nazary mehanika dersi boýunça talyplaryň III halkara açyk internet olimpiadasy

05152024 usembassy press release atch 1 6 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

USAID 13-nji MERKEZI AZIÝA SÖWDA FORUMYNY AÇDY

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop