prikladnaya geologiya 1 THE ASHGABAT TIMES

Geologik surata düşürmek we kartalaşdyrmak işleri

06.05.2024

Geologik kartalary gurmak we gazma baýlyklara gatnaşykda gelejekki meýdanlary bellemek maksady bilen geçirilýän, meýdandaky geologik barlaglaryň toplumyna geologik surata düşürme (kartalaşdyrma) işleri diýilýär. Geologik surata düşürme işleri, dag jynslaryň tebigy we emeli ýüze çykmalaryny, we olaryň düzümini, şejeresini, ýaşyny, ýatyş şertini kesgitlemek öwrenmekden durýar. Barlaglaryň häsiýeti surata düşürmegiň masştabyna bagly. Surata düşürme işleri ownuk, orta, iri masştably, hem-de jikme-jik görnüşlerine tapawutlanýar.Bu işler nusga alyş bilen bilelikde geçirilýär.
Uly galyňlykly ýer gabygyň geologik gurluşyny ýüze çykarmak, hem-de Ýeriň üstinden uly çuňlukda ýerleşýän haýsy-da bolsa bir struktur üstiniň (tektoniki näsazlaşyklaryň, platformanyň kristallik binýadynyň, gadymy dargama gabyklaryň üstleri) geologik kartasyny gurmak maksadyny alýan, çuňlaýyn geologik surata düşürme ösýär. Çuňlaýyn geologik surata düşürme, geofiziki we geohimiki usullaryň, burawlama, geomorfologik derňemegiň, aerofotosuratlary öwrenmegiň we başgalaryň kömegi bilen amala aşyrylýar.
Geologik jisimleri we hadysalary öwrenmek, bellemek we geologik kartalary düzmek, geologik surata düşürmegiň esasy meseleleriň diňe biri bolup durmaýar, onuň başga-da wajyp meseleleri, bu geologik jisimler bilen bagly gazma baýlyklary gözlemek, ýerleşiş kanunlary öwrenmek we munyň esasynda geljekki meýdanlary bellemek bolup durýar. Geologik surata düşürmegiň ýene-de bir meselesi (eger-de bu işler amala aşyrylýan ýa-da çaklanýan senagatde raýat gurluşygyň sebitlerinde geçirilýän bolsa) – bu gurluşygyň gidrogeologik we inžener-geologik şertlerini öwrenmek bolup durýar.

Hüseýin BATYROW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
cover image THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Saglygym – baş baýlygym

most isolated tree THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Diýarymyzyň ýaşyl dona bürenen – türkmen tebigaty

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop