scale 1200 1 THE ASHGABAT TIMES

Geometriýanyň taryhynda uly yz goýan grek alymy

10.05.2024

Gadymy Gresiýada ylymlary öwrenmeklik üçin ýörite mekdepler döredilipdir. Şol mekdepleriň biri-de Pifagoryň (b.e. öň 570-500 ýý.) mekdebidir. Gadymy grek alymlary diňe bir geometriýa bilen gyzyklanman, eýsem, sanlar nazaryýeti boýunça hem düýpli üstünlikler gazanýarlar. Bu ugurdan belli filosof we matematik Pifagoryň we onuň okuwçylarynyň işleri has meşhurdyr. Pifagor we onuň okuwçylary sanlar nazaryýetinde uly ylmy netijeleri gazanypdyrlar.

Pifagor özüniň meşhur teoremasyny (orta mekdepde öwrenilýän”Pifagoryň teoremasy”) subut edeninden soň 100 sany öküzi Hudaýa sadaka beripdir diýen rowaýat bar. Diogen we Plutarh tarapyndan aýdylýan bu rowaýatyň toslama bolmagy mümkin. Sebäbi belli bolşy ýaly, Pifagor et iýmeýän, diňe ösümlik we süýt önümlerini iýip oňýan (wegetarians) we haýwanlaryň öldürilmegine we ganynyň dökülmegine garşy adam bolupdyr. Biziň üçin Pifagor matematik bolsada, gadymyýetde öz döwürdeşleri ony matematik däl-de, ilki bilen hudaý tarapyn akyl berlen dini adam (pygamber) hasaplapdyrlar.

Pifagor Hikmonan Samos adasynda eneden dogulýar. Alymyň durmuşy barada örän köp rowaýatlar bar. Olaryň hakykata golaýlygyny anyklamak kyn. Käbir maglumatlara görä, Pifagor biziň eramyzdan öň 580-nji ýyllaryň töwereginde doglup 500-nji ýyllarda aradan çykýar. Pifagor ýaşlyk ýyllarynda ylymlary öwrenmek üçin Müsüre köp sýýahat edýär. Ol Wawilonda 12 ýyl ýaşamak bilen ýerli alymlardan astronomiýany öwrenipdir.

Biziň eýýamymyzdan öň 530-njy ýyllarda Müsürden gaýdyp gelenden soňra, ene topragynda Pifagor öz mekdebini döredýär. Pifagor Hikmonan we onuň okuwçylary sanlar nazaryýetinde uly ylmy netijeler gazanýarlar. Pifagor we onuň okuwçylary sanlara nokatlar görnüşinde garap, bu nokatlary geometrik figuralar görnüşinde ýazýarlar. Sanlaryň häsiýetlerine garap figuraly sanlar, kwadrat, üçburçlyk, bäşburçlyk, piramidal, dost we şulara meňzeş sanlar düşünjesini girizipdirler.

Maýagözel KULLAÝEWA
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
pochemuchelovekzalipaet 601x400 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Dil, söz we pikirlenme

annotation 2024 05 10 195113 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýaponiýada syçan krizisi: 100 müňden gowrak gaplanan çörek konfiskasiýa edildi

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop