gbhufghu THE ASHGABAT TIMES

Gün energiýasynyň oba hojalykda ulanylşy

06.05.2024

Häzirki döwürde tebigy baýlyklarymyzy geljekki nesiller üçin gorap saklamak maksady bilen, ekologiýa taýdan arassa önüm bolan energiýanyň alternatiw, adaty däl, gaýtadan dikeldilýän çeşmelerinde yzygiderli ylmy-barlag işleri geçirilip, bu ugurda uly açyşlar edilýär. Gün energiýasy dünýäde iň amatly we ekologiýa taýdan arassa energiýa çeşmeleriniň biridir. Ol soňky ýyllarda oba hojalyk ulgamynda giňden peýdalanylyp başlandy. Bu ulgamda Gün energiýasynyň ulanylmagy ykdysady, daşky gurşaw we sosial meseleleri çözmäge mümkinçilik berýär.
Oba hojalygynda Gün energiýasyny ulanmagyň ilkinji we ähtimal iň möhüm tarapy, energiýa çykdajylaryny tygşytlamak ukybydyr. Gün panelleri elektrik nasoslary, suwaryş, yşyklandyryş we beýleki ýagdaýlar üçin ulanylyp bilner. Bu adaty energiýa çeşmelerine baglylygy, energiýa çykdajylaryny azaldýar.
Onuň peýdaly ikinji tarapy daşky gurşawyň düzüm bölegi bilen bagly. Gün energiýasynyň ulanylmagy daşky gurşawy arassa saklap, adamlara, haýwanlara we janly tebigata ters täsirini ýetirmeýär. Şeýle hem parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaldýar we sebitdäki daşky gurşawyň ýagdaýyny gowulandyrýar.
Bu tebigy energiýa, üçünji bir tarapdan, sosial düzüme ýeňillikleri döredýär. Oba hojalygynda Gün energiýasynyň ulanylmagy oba ilatynyň ýaşaýyş, iş şertlerini gowulandyrýar. Gün panelleri ammarlary we beýleki jaýlary yşyklandyrmak üçin ulanylyp bilner. Bu, esasan hem, uzak we ýagty yşyklandyrylan ýerlerde oba ýaşaýjylarynyň durmuş derejesini, işjeňligini ýokarlandyrýar.
Oba hojalygynyň öndürijiliginiň ýokarlanmagy onuň bähbitli dördünji tarapydyr. Gün energiýasynyň ulanylmagy öndürijiligi, önümiň hilini ýokarlandyrmak üçin şert döretmäge mümkinçilik berýär. Gün panelleri suwaryşda, suw çykdajylaryny azaltmakda, ekin hasylyny ýokarlandyrmakda hem ähmiýetlidir. Şeýle-de Gün energiýasyny ekinleriň hilini, hasyllylygyny ýokarlandyrýan topragy ýylatmak ulgamyny güýçlendirmek üçin-de ulanyp bolar.
Umuman, tebigy şöhlä, ýylylyk goruna baý ata Watanymyzda Gün energiýasyndan ýerlikli peýdalanyp, oba hojalygynda köp mümkinçilikleri döredip, öňegidişlikleri gazanyp bileris.

Aýhan ÖWEZDURDYÝEW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:58 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
arenda lazernogo nivelira bosch grl 300 hv THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aýlanýan lazer niweliriniň aýratynlyklary

cover image THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Saglygym – baş baýlygym

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop