648 large THE ASHGABAT TIMES

Isaak Nýuton beýik iňlis matematigi, fizigi we astronomy

24.05.2024

(iňlis dilinde – Newton Isaac) Mehanikanyň we astronomiýanyň teoretiki esasyny döreden, bütindünýä dartyş kanunyny açan, differensial we integral hasaplamany (G. Leýbnis bilen bir hatarda) işläp düzen, zerkal teleskopy oýlap tapan iňlis fizigi we matematigi. Ol optikadan möhüm eksperimental işleriň hem awtorydyr. Nýuton fermeriň maşgalasynda dogulýar. Nýutonyň kakasy onuň dünýä inmeginiň önüsyrasy aradan çykýar. 12 ýaşynda Nýuton Grantem mekdebinde okap başlaýar. 1661-nji ýylda Kembrij uniwersitetiniň Triniti kollejine subsaýzer (gazanç üçin kollejdäki ýumuşlary ýerine ýetirýän garyp talyp) hökmünde girýär. Bu ýerde onuň mugallymy belli matematik I.Barrou bolupdyr. 1665-nji ýylda Nýuton uniwersiteti gutaryp, bakalawr ylmy derejesini alýar. Ol 1665-1667-nji ýyllarda differensial we integral hasaplamalary döretmegiň esasy ideýalaryny jemleýär, zerkal teleskopy oýlap tapýar, bütindünýä dartyş kanunyny açýar we ýagtylygyň dargamagy baradaky tejribäni geçirýär. 1668-nji ýylda Nýuton magistrlik derejä mynasyp bolýar. 1669-njy ýylda Barrou oňa fizika-matematika kafedrasyny berýär we Nýuton onda 1701-nji ýyla çenli işleýär. 1687-nji ýylda Nýuton “Natural filosofiýanyň matematiki başlangyçlary” diýen uly işini çap edýär. 1699-jy ýylda zikgehananyň ömürlik müdiri bolýar. Ol şol ýylda Pariž Ylmy Akademiýanyň daşary ýurtly agzasy bolup saýlanylýar. Nýuton iňlis milli panteonynda jaýlanýar. Nýutonyň ylmy döredijiliginiň iň ýokary belentligi “Başlangyçlardyr”.

Onda Nýuton özünden öňki alymlaryň (G.GalileýiňI.KepleriňR. DekartyňH. GýuýgensiňJ.BorelliniňGukuňE.Galleýiň we başgalaryň) işlerini we öz hususy barlaglarynyň netijelerini jemleýär. Şeýlelikde, ol birinji gezek ýer we asman mehanikasynyň ýeke-täk düzgünleşdirilen bitewi sistemasyny döredýär. Ol sistema soňra tutuşlygyna klassyky fizikanyň esasyny düzýär. Nýutonyň bütin ömründäki işleriniň netijeleri onuň “Natural filosofiýanyň matematiki başlangyçlary”, “Tükeniksiz köp agzaly deňlemeleriň kömegi bilen analiz”, “Flýuksiýa metody…”, “Egrileriň kwadraturasy barada oýlanma”, “Üçünji tertipli egrileri sanamak”, “Ählumumy arifmetika”, “Tapawutlar metody” we ş.m. işlerinde jemlenendir.

Farida KASIMBAÝEWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň
Oba hojalygynyň elektrifikasiýasy we
awtomatizasiýasy hünäriniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
3427ce3b3eb7d431e46f5ff3cd7d636b THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Kiberhowpsuzlyk boýunça halkara kiber çempionaty: “Türkmentelekom” topary üçünji ýeri eýeledi!

5onsdqiaaomspnfl8k4ka0q6p0ew49i6ebbwomj70zs8qpjlgilzbmcnk1kj THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Tebigy baýlyklar

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop