Dark
Light
13.01.2026
scale 1200 THE ASHGABAT TIMES

Jemgyýetçilik aňynyň düzümi

09.05.2024

Jemgyýetçilik aňyň çylşyrymly düzümi bolýar. Onuň düzüminde her haýsy belli bir dereje-de özbaşdak we şol birwagtda-da onuň beýleki taraplary bilen gönümel ýa-da aralyklaýyn baglanşyga girýän ruhy düzümleri tapawutlandyryp bolýar. Gutarnykly ýagdaýda jemgyýetçilik aňyny aýratyn taraplary biri-biri bilen baglanşykda bolan düzümleýin bitewilik hökmünde göz öňüne getirse bolýar. Häzirki döwrüň sosial filosofiýasy jemgyýetçilik aňyň düzüminde aşakda getirilen taraplary tapawutlandyrýar:
– adaty we nazaryýet aňy;
– jemgyýetçilik psihologiýasy we idealogiýa;
– jemgyýetçilik aňyň görnüşleri.
Şu düzüm bölekleri häsiýetlendirmek üçin ilki bilen biz jemgyýetçilik aňynyň derejeleri bilen baglanşykly meseläniň üstünde durup geçeliň. Jemgyýetçilik aňy iki sany dürli garaýyşlardan: şöhlelendirilýän zadyň nukdaýnazaryndan we şöhlelendirmegiň derejesi nukdaýnazaryndan seljerilip bilner. Bu ýerde bir tarapdan, tebigat we onuň kanunalaýyklyklary, beýleki tarapdan bolsa, jemgyýet we onuň ýörelgeleri şöhlelendirilýän zat hökmünde çykyş edýärler. Tebigatyň-da, jemgyýetçilik durmuşynyň-da şöhlelendirilişi, öz nobatynda, dürli derejede ýa adaty-amaly aňyň görnüşinde, ýa-da nazaryýet aňyň görnüşinde amala aşyrylyp bilner. Bularyň birinjisi ozaly bilen adamlaryň we sosial toparlaryň adaty, gündelik durmuşynyň şertleri arkaly kemala gelýän düşünjeleriň, endikleriň, pikirleriň, sosial meýilleriň jemi hökmünde çykyş
edýär. Şoňa görä-de adamlar şol garaýyşlaryň nireden peýda bolýandyklary we olary döreden jemgyýetiň nämeden ybaratdygy barasynda pikirlenmeýärler.

Bahar OWGANOWA
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

191117 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Okatmak usulynyň ylmy esaslary

7b328332cb3153beecbd556afa1ba03e THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti Times Higher Education Asia University Rankings 2024-e girdi

Soňkylar Makalalar

Bedew batly ösüşleriň mekany

10.01.2026
Ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Ýyllaryň atlary bolsa döwletli Diýarymyzyň taryhy tutumlary, halkymyzyň belent maksatlary, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri
GitTop