191117 THE ASHGABAT TIMES

Okatmak usulynyň ylmy esaslary

09.05.2024

Matematikany öwretmek okuwçylara belli düşünjeleri öwretmekden başga-da olarda synlamak, netije çykarmak, analizlemek ýaly başarnyklarynyň kemala getirilmegi bilen baglanyşyklydyr.
Didaktikada bellenilişi ýaly, okuwçynyň öwrenýän bilimlerini özleşdirmegi öňki tejribäniň täze tejribe bilen birleşdirilmeginde bolup geçýär. Ýagny öwredilýän bilimi (temany) özleşdirmek üçin okuwçy öwreniljek maksadyna gönükdirilen akyl ýetirmek işini ýerine ýetirýär.
Rus psihology P.Ý.Galperin öz işinde akyl ýetirmek işleriniň tapgyrlaýyn kemala gelýändigini hem-de olaryň aşakdaky ýaly tapgyrlarda amala aşyrylýandygyny görkezýär:
1. Düşünje bilen ilkinji (deslapky) tanyşlyk.
2. Düşünjäniň maddy esasda kemala gelmegi, ýagny daş-töweregini gurşap alýan jisimleriň we olaryň hereketleriniň üsti bilen akyl ýetirilmegi.
3. Düşünjäniň daşky söz görnüşinde kemala gelmegi.
4. Düşünjäniň içki söz görnüşinde kemala gelmegi.
Öwrenilýän düşünjäniň daşky söz görnüşinde kemala gelmegi, onuň ýat tutulmagy, içki söz görnüşinde kemala gelmegi bolsa düşünjäniň dürli ýagdaýlarda, mysal üçin, gönükmäni, meseleleri çözmekde, nutuk ýazmakda we ş.m. ulanylyp bilinmegidir. Okuwçylaryň öwrenmek işiniň hem akyl ýetirmek işi bolup durýandygyna görä, matematikany öwretmegi, öwredilýän bilimleriň tapgyrlaýyn özleşdirmegine gönükdirip guramaklyk maksadalaýyk bolar.
Öwretmekde ata-babalarymyz öwrenilýän bilimleri yzygiderli gaýtalap durmaga uly ähmiýet beripdirler. Halkymyzyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow: “Ýüz okasaň ýat, müň okasaň binýat diýen ata-babalarymyz bilimiň yzygiderli we dowamly bolmalydygyny pent edipdirler” diýmek bilen, okatmak döwründe bilimleriň yzygiderli gaýtalanyp durulmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Öwrenilýän bilimleri gaýtalamagyň okuwçylaryň ýadynyň ösüş derejesi bilen berk baglanyşyklydygyny tejribeler görkezýär. Okatmakda okuwçylaryň ýadyny ösdürmek wezipesi çözülmegini talap edýän wezipeleriň biridir.

Sultan ROZUMRADOW
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
sanly toyda harby kuwwatymyzyn dabaralanmasy bmwqupsgka THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

BEÝIK ÝEŇIŞ – MIZEMEZ HATYRA

scale 1200 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Jemgyýetçilik aňynyň düzümi

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop