Dark
Light
04.01.2026
64f31e1ea622d775547621 THE ASHGABAT TIMES

Magtymguly hakda alymlaryń sözlän sözleri

21.05.2024

Bertels:
Ỳurtda we jemgyỳetde höküm sürỳän adalatsyzlyklar we gaty agyr ỳagdaỳlar Haỳỳamy-da, Magtymgulyny-da ruhy taỳdan agyr ỳagdaỳa düşürỳär. Şu hili ỳagdaỳa düşen Omar Haỳỳam gaỳgyny şerap içmek, saz-söhbet bilen ỳeňlitmeli diỳen bolsa, Magtymguly onuń tersine „Eger gaỳgy-da, şatlyk-da, ynsanyń ömri-de gysga wagtly bolsa, onda bir minut-da wagtyńy biderek geçirmeli däl, hemişe hereket etmeli, döretmeli“ diỳen netijä gelỳär. Magtymgulynyń diwany ertekilerdäki Jemşidiň jamy nalydyr. Ỳagny Magtymguly ỳaşaỳşyň ähli taraplary hakda gysga-da bolsa goşgy goşupdur.

Saỳlaw Myradow:
Mgtymguly gündogar realizmini bir pelle ỳokaryk galdyrdy. Onuń realizmi Ferdewsi, Nyzami, Jami, Nowaỳi ỳaly abstrakt realizm däl-de düỳpli meseleleri we halkynyń bähbidini araỳan real, prinsipal
pozisiýada bolupdyr.

Arif Hajiỳew:
Magtymgulynyń şahyrana eserleri yzygiderli suratda onuń ömür ỳoluny, çylşyrymly dünỳägaraỳşynyń ewolỳusỳasyny şöhlelendirỳär. Belki-de sosỳal mazmuny, gündogaryń hiç bir şahyrynda edil Magtymgulynyńky ỳaly esasy orun eỳelän däldir … wagtyń umumylaşdyrylan sosỳal-etiki obrazy onuń poeziỳasynda ähli çeperçilik öwüşgünleri bilen görülỳär… Magtymguly biziń gündogar edebiỳatymyzda 18-nji asyryń haỳran galdyryjy hem täsin hadysadyr.

Çengiz Aỳtmadow:
Dünỳä edebiỳatynyńiń ońat eserleriniń 200 tomlygy biziń ỳurdumyzda (öńki Şuwrewide) neşir edildi. Ol, Wawilon ỳazgylaryndan, injilden başlap, tä biziń günlerimize çenli eserlerini öz içine alỳar. Şonuń „Gündogar Medeniỳeti tomunda bolsa biziń Magtymgulynyń poeziỳasy ähli döwürleriń, ähli halklaryń edebiỳatlarynyń iń ajaỳyp klasikleriniń hatarynda orun tutỳar. 18-nji ỳüzỳyl bütin Türküstanda Magtymgulynyń poeziỳasynyń ỳüzỳyllygy (asyry) dyr.

Nazar Gulla:
Magtymgulynyń göredijiligi biziń halkymyzyń şahyrana-filosofik pikirleriniń tötänleỳin galkynyşy hasaplanmaly däldir. Tersine ol onuń taryhy asyrlar bilen däl-de müńỳyllyklar bilen ölçenilỳän edebi mirasynyń kanuna laỳyk dowamydyr. Türkmeniń geçmişiń jümmüşine uzalyp gidỳän ruhy dagynyń iń belent gerşidir.

Arzuw HALILOW
Türkmen döwlet
binagärlik – gurluşyk
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

4 9 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni

1566676881 1 30 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Stol tennisiniň ähmiýeti

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop