Okuw kitaplarynda, şonuň ýaly hem beýleki ylmy işlerde şahyryň doglan we aradan çykan ýyllary dürli-dürli berilse-de, esasan, 1733-1782-nji ýyllar getirilýär. Bu seneleriň şahyryň biografiýasy bilen baglanyşdyrylmagy wenger alymy A.Wamberiniň «Orta Aziýa syýahat» atly kitabynyň esasynda. A.Wamberi öz kitabynda şeýle ýazypdyr: «Ol (Magtymguly–A.A.) türkmenleriň gökleň taýpasyndan, segsen ýyl mundan ozal bolupdyr». Mälim bolşy ýaly, A.Wamberi Orta Aziýa 1863-nji ýylda gelýär. Şol ýyl hem Gyzyl ahundan ol şahyr baradaky maglumatlary alýar. Ine, şol maglumat esasynda hem Magtymguly 1783-nji ýylda dünýäden ötüpdir diýlen netijä gelnipdir. A.Wamberi Magtymgulynyň näçe ýaşda aradan çykandygy, has dogrusy, şahyryň doglan wagty barada hiç hili maglumat bermändir. Muňa garamazdan, Magtymgulynyň doglan senesi hökmünde 1733-nji ýylyň kabul edilmegi hem A.Wamberiniň Gyzyl ahuna salgylanyp beren ýokarky we halk maglumatlarynyň esasyndadyr. Bu hakda türkmen edebiýatyny ilkinji öwrenijileriň biri Ahundow Gürgenli 1939-njy ýylda şeýle ýazýar: «XIX asyr Ýewropa alymlaryndan Wamberiniň diýmegine görä, Magtymguly 1783-nji ýylda aradan çykan bolsa, soňky wagtlarda onuň öz nesilleriniň arasyndan ýygnalan has ynançly bir materialymyza görä, Magtymguly 1195-nji hijri, ýagny 1780-nji ýylda 49 ýaşynda wepat bolupdyr». A.Gürgenli 1940-njy ýylda Magtymgulynyň şygyrlaryny çap etdirip, oňa ýazan sözbaşysynda hem bu pikirini gaýtalaýar: «Magtymguly 1731-nji ýylda eneden doglup, 1780-nji ýylda hem ölýär». Bu neşiriň yzýany, ýagny 1941-nji ýylda Ruhy Alyýew bilen Gürgenli Ahundow şahyryň şygyrlarynyň üçünji neşirini çap etdirýärler.

Magtymguly Pyragynyň çeperçilik mekdebi
Soňkylar AUDIO OKUW SAPAK



Himiýa ylmyna syýahat
PDF Button 171

Biologiýa nämäni öwretýär
PDF Button 127

Atom näme?
PDF Button 137