Dark
Light
15.01.2026
scale 1200 1 THE ASHGABAT TIMES

Mermer şäher Aşgabat

17.05.2024

Aşgabat ösen senagatlaşan şäher bolmak bilen, durnukly ösüşiň, howpsuzlygyň we gaýtalanmajak gözelligiň özboluşly nyşany hökmünde ykrar edilýär. Şunlukda, Aşgabat şäheri Türkmenistanyň syýasy, durmuş-ykdysady, ylmy, tehnologik ösüşiň we innowasiýalaryň merkezi, döwletimiziň baş bilim we medeni merkezi bolup durýar. Sanlyja ýylda paýtagtymyzda dünýäde deňi-taýy bolmadyk gözel binalaryň ençemesiniň gurulmagy, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin bina edilýän ýaşaýyş jaýlaryň giden hatary dünýä ülňülerine laýyk gelýän awtomobil ýollary, ak şäherimiziň dünýäniň döwrebap hem-de nusgalyk şäherleriniň birine öwürmek babatda hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan ajaýyp işleriniň miwesidir. Paýtagtymyz Aşgabat bu günki günde döwrebap ösüşiň milli nusgasyna öwrüldi. Durmuşa geçirilen gurluşyklaryň, täzeçil başlangyçlaryň netijesinde şäheriň görki, binagärlik keşbi düýpgöter özgerdi. Aşgabat özüniň arassalygy, suw çüwdürimleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen görenleri bendi edýär. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda, paýtagtymyz Aşgabat, ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda täze sahypany açdy. Şunuň bilen baglylykda, her ýylyň 25-nji maýy – Aşgabat şäheriniň güni hökmünde ýurdumyzda dabaraly baýramçylyk çäreleri giňden bellenilýär. Bu günki günde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna «Dünýäniň iň belent flagştogy», «Oguzhan» suw çüwdürimler toplumy, «Älem» medeni-dynç alyş merkezi, «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi binagärlik aýratynlygy bilen iki tarapy ýörite aýna bilen örtülen Oguz hanyň ýyldyzy, şonuň ýalyda Aşgabadyň Halkara howa menziliniň esasy ýolagçy terminalynda ýerleşdirilen gölüň şekili, Aşgabadyň Olimpiýa stadionynyň münberindäki ahalteke bedewiniň çeper keşbi hem-de Sportuň suw görnüşleri boýunça merkezi girizilendir. Umuman gözel paýtagtymyzda bina edilen birnäçe ajaýyp desgalar bu ady agzalýan meşhur kitapda ajaýyp orun alýar. Munuň şeýle bolmagy biziň her birimizi diýseň buýsandyrýar. Umuman, Aşgabat şäheri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň iri syýasy-dolandyryş, söwda, medeni we ylmy merkezi bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen gözel paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak we onuň hukuk binýadyny berkitmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy, yhlasly hem döredijilikli zähmet çekmegi, medeniýetli dynç almagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini tassyklaýar.

Gülperi HAJYGELDIÝEWA
Türkmen döwlet
binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

watsonthumb THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

SANAÝYŞ ULGAMLARY

120124 019 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Yşk dagyn assalar gögüň boýnundan, Gök titreýin çeke bilmez bu derdi!»

Soňkylar Makalalar

Bedew bady bilen belent maksatlara tarap!

15.01.2026
Her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy, onuň özüne mahsus şygarynyň yglan edilmegi jemgyýetçilik-syýasy taýdan örän ähmiýetli bolup, türkmen halkymyz 2026-njy ýyla ― «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan

Beýik işler bilime daýanýar

14.01.2026
Jemgyýetiň ösüşinde ylym-bilim esasy orun eýeleýär. Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünliklerdir ýeňişler, ýetilen belent sepgitler hem ylym-bilimiň, ösen aňyýetiň miweleridir. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň

Türkmen sporty şöhratlanýar

13.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni taryhyň şöhratly sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde geçen ýyla nazar aýlanymyzda ylymly-bilimli,

Aýdyň maksatlar bilen bedew batly ösüşlere

13.01.2026
Her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy, onuň özüne mahsus şygarynyň yglan edilmegi döwletimiziň ösüş ýolunyň ruhy, syýasy we strategik ugruny kesgitleýän möhüm wezipedir. Şundan ugur alnyp,
GitTop