Dark
Light
04.01.2026
1571170184 THE ASHGABAT TIMES

Senagat öwrülişigi näme?

27.05.2024

Senagat öwrülişigi, başgaça “Senagat rewolýusiýasy” diýip tanalýan adalga, iňlisleriň meşhur taryhçysy we ykdysatçysy Arnold Toýnbiniň eserleri bilen baglanyşyklydyr. Alym XVIII asyryň ikinji ýarymynda Angliýadaky senagat öwrülişigini suratlandyrdy. Şeýle-de bolsa bu adalganyň awtorlarynyň XIX asyryň başlarynda fransuz ykdysatçylaryna degişligi barada pikirler hem bar.

Ilkinji senagat öwrülişigi 1780-nji ýyllarda başlandy we XIX asyra çenli dowam etdi. Oba hojalygy rewolýusiýasy (XVI asyr), ylmy açyşlar we önümçiligiň mehanizasiýasy (XVIII asyr) – bular senagat öwrülişiginiň esasy şertleri. El zähmetinden önümçilik mehanizasiýasyna geçilmegi köp adamlaryň işsiz galmagyna sebäp boldy.

Ikinji senagat öwrülişiginiň döwürleri XIX asyryň ikinji ýarymyndan XX asyryň ikinji ýarymynyň başlangyjy boldy. Elektrik energiýasy ikinji senagat rewolýusiýasynyň baýdagy boldy. Alessandro Wolta, Georg Om, Andre-Mari Amper we beýleki alymlaryň açyşlary ahyrsoňy önümçilikde şeýle amallary ulanyp boljakdygyny görkezdi. Bular Nikola Teslanyň synaglarynyň dowamatydy. Bu ýyllarda senagat ösüşiniň iň ýokary nokady içinden ýandyrylýan hereketlendirijileriň peýda bolmagy boldy. Dünýä köpçülikleýin birmeňzeş önümçilige başlaýar. Bu ugurda ilkinji ädimler awtoulag öndürmek üçin guramany döreden Genri Forda degişlidir.

Üçünji senagat öwrülişigi: ilkinji kompýuterleriň 1960-njy ýyllarda döremegi – iki jahan urşundan soň ýurtlaryň ykdysadyýetiniň dikeldilmegi bilen başlandy. Elektron hasaplaýjy maşynlaryň (kompýuterleriň) kömegi bilen senagat önümçiligi ähli prosesleriň awtomatlaşdyryş döwrüne gadam basdy. Inženerçilik munuň bilen çäklenmän, ýönekeý EHM-y şahsy kompýuterlere öwürdi. Ýan telefonlary peýda boldy.

Dördünji senagat öwrülişi: maşyndan robot tehnologiýasyna geçiş. Senagat ösüşiniň täze tapgyrynyň döremegine şaýat bolýarys. Öz-özi sürýän awtoulaglar, zatlaryň interneti, 3D çap etmek we beýleki oýlap tapyşlar häzirki wagtda hakykata öwrülýär. Geljekde bu ugurlar giňden ýaýramaly. Durmuşymyzyň robotlar tarapyndan hyzmat ediljek wagty eýýäm ýakynlaşandyr.

Soltan Töräýew
Türkmen döwlet maliýe
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

i THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Serdar Berdimuhamedow Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasyny Garaşsyzlyk güni gutlady

jhg kopiya THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Täze Duet Mad Nazarov-Nazir Habibov “Sende Bu Yürek”

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop