Dark
Light
24.01.2026
overthink 7619403 960 720 THE ASHGABAT TIMES

Siz muny bilýärmisiňiz?!

29.05.2024

Syýahat edeniňizde, elektron enjamlar hem iýmit we ýaşaýyş jaý ýaly esasy zerurlykdyr. Daşary ýurda gideniňizde elektron kömekçileriň size oňaýsyzlyk bermezligi üçin, barjak ýurtlaryňyzdaky rozetkalary we naprýaženiýäni öňünden kesgitläň.

Dürli ýurtlaryň naprýaženiýe, ýygylyk we elektrik wilkasy hem-de rozetkasy üçin öz standartlary bar. Syýahat etmezden ozal göz öňünde tutmaly iki esasy zat:

1) Rozetkanyň (sokuçyň) görnüşi – başgaça aýdylanda, onuň näçe deşigi bar we olaryň nirede ýerleşýändigi. Utgaşyk meselesi adaty adapter bilen çözülýär. Olaryň içinde hiç hili öwrülişik ýok, ýöne wilkany rozetka mehaniki birikdirmäge mümkinçilik berýär. Dürli rozetkalara serediň, barjak ýurduňyzda haýsy rozetkanyň bardygyny biliň we adapter satyn alyň;
2) Naprýaženiýe. Dünýäde rozetkalara gelýän elektrik togunyň iki naprýaženiýe diapazony(çägi) bar: 100–127 wolt we 220–240 wolt. Bu görkeziji boýunça ýurduň sanawyna serediň: Ol ýurt haýsyna degişli? Döwrebap enjamlaryň köpüsi diýen ýaly iki diapazondada (çäkdede) işleýär – bu köplenç goşmaça bir iş etmegiň zerurlygynyň ýokdugyny aňladýar.

Emma kadadan çykmalar bar. Köne enjamlar bir diapazona ýa-da belli bir naprýaženiýe üçin niýetlenen bolup biler. Bu esasanam ýyladyş enjamlary: saç guradyjylar, ütükler we çäýnekler üçin häsiýetli.

Smartfon, kompýuter ýa-da başga enjamy niýetlenilmedik naprýaženiýasynda ulanmagyň birnäçe usuly bar.

1) Enjamyň daşarky elektrik zarýad üpjünçiligi bar bolsa (zarýad beriji ýa-da adapter hem diýilýär), syýahat üçin zerur naprýaženiýede işläp biljek başga birini satyn alyň. Dünýäniň köp ýurtlarynda 220–240 wolt, Amerikada bolsa 120 wolt tokly rozetkalar bar. Sanawy ulanmak arkaly, gidilýän ýurtda elektrik naprýaženiýesini barlaň;
2) Daşarky elektrik üpjünçiligi ýok bolsa, mysal üçin, 220 woltlyk saç guradyjy bilen Amerika gidýärsiňiz, onda inwertor – naprýaženiýe öwrüjisini ulanyp bilersiňiz. Ýöne syýahat üçin özünde wolt özgerdijisi bolan ýa-da degişli naprýaženiýe üçin saç guradyjyny satyn almak has aňsat bolup biler.

Salyh ATAÝEW
Türkmenistanyň Döwlet
energetika institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

23dbd17627d44b17d8d55ecc2fd70c5e THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Elektrik energiýasy, lomaý bazara gatnaşyjylar

flogard 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Wakuum dörediji ulgamlar

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop