Dark
Light
03.01.2026
birja THE ASHGABAT TIMES

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 64 million dollaryndan gowrak boldy

27.05.2024

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, binýatlyk ýagy, uçar we yşyklandyryş kerosinini, şeýle hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi hem-de gidrawlik ýagyny satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri nah ýüplük hem-de nah ýüplügiň galyndylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 64 million dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 4 million 185 müň manada deň bolan float list aýnany satyn aldylar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

08 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen halylary — täsin sungat eseri

haly 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi

Soňkylar Täzelikler

Ak Tam tarapyndan täze Jarnama çap edildi

17.12.2025
Ak Tam tarapyndan 2025-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň serhetleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek we amerikan jemgyýetini hem-de raýatlaryny goramak boýunça Prezidentiň tagallalaryny dowam
GitTop