5onsdqiaaomspnfl8k4ka0q6p0ew49i6ebbwomj70zs8qpjlgilzbmcnk1kj THE ASHGABAT TIMES

Tebigy baýlyklar

24.05.2024

Tebigy baýlyklar – adamynyň ýaşaýşynda, zähmet hadysasynda peýdalanýan tebigy baýlyklary we hadysalarydyr. Olara gün şöhlesi, atmosfera howasy, klimat, suw, toprak, ösümlik we haýwanat dünýäsi, gazma baýlyklar degişlidir. Olar azalma derejeleri boýunça gutarýan (tükenýän) we gutarmaýan (tükenmeýän) görnüşlere bölünýärler.

Gutarýan tebigy baýlyklar yzygider peýdalanylmagy netijesinde gorlary azalýan, gutarýan baýlyklary öz içine alýar. Olar hem öz nobatynda gaýtadan dikelýän we dikelmeýän (dikeldip bolmaýan) görnüşlere bölünýärler.

Gaýtadan dikelýän tebigy baýlyklara toprak, ösümlik we haýwanat dünýäsi, şeýle hem köllerde hem-de deňizleriň ýalpak aýlaglarynda çöküp toplanýan glauber we nahar duzy ýaly mineral duzlar degişlidir. Eger bu baýlyklaryň döremegi üçin tebigatda zerur şertler saklanýan bolsa, onda olaryň gorlary hemişe dikeldilip durulýar. Olaryň halk hojalygynda peýdalanylyş tizligi bolsa tebigatda döreýiş depgininden ýokary däldir. Her bir baýlygyň gaýtadan dikelme tizligi hem birmeňzeş bolmaýar. Haýwanlar birnäçe ýylyň, tokaýlar 60-80 ýylyň, hasyllylygy ýitirilen topraklar bolsa birnäçe müň ýyllaryň dowamynda dikelýär.

Gaýtadan dikelmeýän görnüşlere häzirki şertlerde döremeýän ýa-da sarp edilişinden ýüzlerçe esse haýal dikelýän, gorlary çäkli bolan hem-de aýawly harçlanmaklyga mätäç bolan daş kömür, nebit, tebigy gaz, metal magdanlary ýaly beýleki köp sanly gazma baýlyklar degişli edilýär.

Gutarmaýan tebigy baýlyklar yzygiderli peýdalanylmagy netijesinde gorlary gutarmaýan baýlyk görnüşlerini öz içine alyp, olara suw, klimat hem-de kosmiki baýlyklar degişli edilýär. Ýer planetasynyň suwlarynyň umumy gory gutarmaýar. Onuň esasyny Dünýä okeanynyň duzly suwlary düzýär. Ýöne adam we beýleki janly organizmleriň köp görnüşleri üçin zerur bolan süýji suwlar gutarýan tebigy baýlyklara degişlidir. Dünýäde süýji suwdan peýdalanmaklygyň meselesi derýalaryň, kölleriň suwlarynyň azalmagy, suwarymly ekerançylyga, senagat önümçiligine harçlanýan süýji suwlaryň artmagy, suwlaryň önümçilik we hojalyk galyndylary bilen hapalanmagy bilen baglanyşykly ýyl geldigiçe ýitileşýär. Şoňa görä-de, suw baýlyklarynyň tygşytly sarp edilmegi we berk goralmagy zerurdyr.

Klimatiki baýlyklara degişi bolan atmosfera howasy, ýelleriň energiýasy gutarmaýan baýlyklardyr, ýöne senagat we ulag ulgamynyň ösdürilmegi zerarly howa gurşawy tüsseler, tozanlar, işlenip çykarylan gazlar bilen ep-esli derejede hapalandy. Iri şäherlerde we senagat merkezlerinde howanyň ýokary derejede hapalanmagy adamynyň saglygy üçin has-da howply boldy.

Kosmiki baýlyklara gün şöhlesi, deňiz daşgynlary we gaýtgynlary degişlidir. Olar gutarmaýan baýlyklar bolsalar-da, iri şäherlerde we senagat merkezlerinde howanyň tozanly, tüsseli bolmagy sebäpli gün şöhleleriniň ýer üstüne düşýän möçberi ep-esli azalýar.

Leýli MÖWLAMOWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:02 am, Feb 23, 2025
temperature icon -0°C
небольшая морось
Humidity 100 %
Pressure 1019 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:46 am
Sunset Sunset: 6:53 pm
648 large THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Isaak Nýuton beýik iňlis matematigi, fizigi we astronomy

d797d9feba35b9c2b925428e5ac7ebf814415 700x5002 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

JÖWENIŇ HASYLLY SORTY

Soňkylar Makalalar

Türkmen gelin-gyzlaryň täsin gözelligi

21.02.2025
Türkmen medeniýetinde toýlar aýratyn ähmiýete eýe bolup, gelin gyzlaryň şaý-sepleri toýuň iň gözelligi we täsin bezegleriniň biridir. Şaý-sepler diňe bir bezeg däl, eýsem medeni

Ynsan ösüşiniň esasy çeşmesi

21.02.2025
Bilim, adamzadyň intellektual, ruhy we fiziki ösüşiniň möhüm bir bölegidir. Bilim, adamzat taryhynda iň gymmatly we täsirli maglumatyň çeşmesidir we jemgyýetleriň ösüşinde möhüm rol

 Maglumatlaryň we Sungatyň Hazynasy

21.02.2025
Kitaplar, adamzat taryhynda iň gymmatly we täsirli maglumat çeşmelerinden biri bolup, bilim, medeniýet, we döredijiligiň ornaşdyrylmagynda möhüm rol oýnaýar. Kitaplar dürli mazmunlary, temalary we

Adamzadyň akyl ulgamy

21.02.2025
Düşler, adamzadyň akyl ulgamynyň örän gymmatly we şüweleňli bir bölegidir. Düşler adama aň, duýgy we tebigat barada çuňňur düşünje berýär. Düşler diňe bir ýatanda

Tebigatyň Gözelligi we Janlanmasy

21.02.2025
Ýurdumyzda bag – bossanlyk tebigatyň janlanmasyny, gözelligini we adamlaryň durmuşyna sazlaşyk getirmek üçin döredilen aýratyn mekandır. Baglar, tebigatyň dürli görnüşleriniň we ösümlikleriniň jemlenýän ýerleri
GitTop