uchenye ishhut otvet pochemu zemlya krutitsya vse bystrej large THE ASHGABAT TIMES

Ýer şarynyň öz okunyň daşyndan bir gije gündiziň dowamynda doly bir aýlaw edýär

16.05.2024

Ýer şarynyň öz okunyň daşyndan bir gije gündiziň dowamynda doly bir aýlaw edýär, diýmek, 360 gradus burçy 24 sagatda öwrülýär. Onda Ýer şaryna her 15 gradus burça öwrülmek üçin 1 sagat wagt gerek bolýar. Şunlukda merianlar boýunça her 15 gradusyň arasy bir sagat guşaklygyna degişlidir.

Her ýurduň öz milli wagt barlaghanasy bardyr. Olar Pariž şäherindäki Halkara agram we ölçeg býurosyna sagat maglumatlaryny yzygiderli iberýär. Eýýäm ol ýerde, bu sanlaryň hemmesine esaslanyp, häzirki wagtyň ortaça bahasy hasaplanýar.

Sagat guşaklygy ulgamy diýen düşünje diňe 19-njy asyrda demir ýollaryň köpçülikleýin peýdalanyp başlanmagy bilen peýda boldy.
Günbatardan gündogara Hytaýyň uzynlygy 5700 km, şonuň üçin bu ýurduň birbada 5 wagt zolagynda ýerleşýändigi geň däldir. Ýöne Hytaý Halk Respublikasy Pekiniň wagtyna görä ýaşaýar, ýagny ýurtda diňe bir sagat guşaklygy hereket edýär.

Nepal bilen Hindistanyň arasynda 15 minutlyk wagt tapawudy bar. Bu tapawut Nepal Hindistandan “aýrylandan” soň ýüze çykdy. Garaşsyzlygyny görkezmek üçin Nepal halky ilki sagatlaryny 10 minut öňe süýşürdi, 1986-njy ýylda bolsa ýene 5 minut “goşdy”.
Ýaponiýa “Günüň dogýan” ýurdy diýip tanalýan hem bolsa, Wladiwostok Tokiodan bir sagat öňde barýar.

Demirgazyk we Günorta polýuslarda ähli meridianlar bir nokada birleşýärler we olary haýsydyr bir wagt zolagyna degişli edip bolmaz. Şonuň üçin ol ýerde ähliumumy wagtyň (Grinwiç ortaça wagt) işleýändigi umumy kabul edilýär. Şeýle-de bolsa, Günorta polýusda ýerleşýän Amerikanyň Antarktika Amundsen-Skott stansiýasynda Täze Zelandiýanyň wagty ýöreýär, sebäbi stansiýa uçuşlar şol ýerden gelýär.

Meýlis HOJAÝEW
Türkmenistanyň Döwlet
energetika institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
1920x1080 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Haýran galdyryjy hakykatlar

18109a2fdb3f79150ddc3ab4b6ad1a88 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

III Açyk halkara internet olimpiadasy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop