120124 019 THE ASHGABAT TIMES

«Yşk dagyn assalar gögüň boýnundan, Gök titreýin çeke bilmez bu derdi!»

17.05.2024

Magtymguly söýgüsini bukýardy, çünki agasy öýlenmänkä «yşka düşüp, ýanyp-bişip ýör» diýilmegi ýagşyzada ýaly kethudanyň asylzada ogly üçin aýypdy, utançdy. Emma onuň söýgüsi bukardan uly,çekerden agyrdy. Magtymguly ýakyp-ýandyryp barýan yşkyny bukýardy, gije alawlap ýanýan ody, gündiz burugsap buluda öwrülip barýan tüssäni bukup bolmaýanyny bilse-de, bukýardy. Magtymgulyasmany parçalap çakýan ýyldyrymy gylyjyň gyna salynşy ýaly edip, setirine dykyp bilýärdi. Magtymguly kükräp-kükräp gelen apy-tupany penjesi bilen düýrläp bendine dykyp bilýärdi, emma apat yşkybukdugyça güýjeýärdi, gizledigiçe guduz aç ýar-dy, ýaşyrdygyça möwç urýardy.

Eger bukup bolýan bolsa,eger pynhan saklap bolýan bolsa,oňa söýgi diýiljekmi!

Magtymguly–güpläp ot alan aşykdy, ol hopugyp yşkdan gaçýardy, gaçdygyça-da oduň şemaly ýetip, äpet ýangyna öwrülip barýardy.Eger ümürsin tokaýlar ot alyp ýangyn dörese, gözýaş bilenemöçürip bolar, däli derýalary tanap bilenem jylawlap bent edip bolar, gara daglary dyrnak bilenem ýykyp-ýumrup bolar, emma Meňli gyzyň yşky Magtymgula buk durmaz! Her hal ol yşkyny bukýardy. Olöýde, il içinde kişi bilen ýüzbe-ýüz bolmasyny, söhbet kylmasyny goýdy, çünki yşk heseri dumanlap duran gözlerini gören kişi Magtymgulynyň hüýlenip ýörenini görjekdi. Ol öýden iç-daş çykmasynamgoýdy, sebäbi onuň diňe gursagy däl, tutuş göwresem Meňliniň yşky bilen alawlap ýanýardy. Ol Perhat bilen, Mežnun bilen, Sadydyr Jamy, Rudakydyr Rumy bilen yşk derdini paýlaşýardy. Halys derdigursagyna sygman hüýlenip ugranynda bolsa ýanyna ýarym horjun kitap alyp, Sakarguşuna atlanyp daglaryň goýnuna giderdi. Magtymgulynyň yşky sokur körem bolsaň görünýän yşkdy!

«Yşk dagyn assalar gögüň boýnundan, Gök titreýin çeke bilmez bu derdi!» diýilýän derdi Meňlem merdi-merdana çekýärdi. Maýa-maňyzly, edep-ekramly hüýrzada Meňli il içine «söýüşýämiş» diýip adyçykan-dan, öýden tabydynyň çykanyny ýagşy görýärdi. «Yşk derdinden gaçyp uçmah arşy-agla çyksa, dowzah yşk odundan gorkup ýeriň ýedi gat assyna girse, yşk derdinden ýaňa zemin jünbüş eýläpýerler lerzana gelse», biçäre Meňli neýlär, Magtymguly neýlär?

Magtymgulam,Meňlem apat söýgüsini bukýardy,emma olaryň habary ýekdy, entek Magtymguly Meňli gyza duşmanka, pynhan yşklarynyň aýana çykyp, il içine ýaýranyndan. Sebäbi ölüp görmän,ölümden aňyrdaky boljak ähli işleri bilip ýören, ýeriň astynda gäwşeýän ýylanyň içindäki ýumurtgasyny sanap, näçesiniň erkekdigini bilip oturan ýeser-eser adamlar diňlemän eşidýär, seretmän görýär,oýlanmanam bilýär! Aýyň topragynyň şordugyny dilini uzadyp barlap gören, ýyldyzlaryň ataşdygyny biljek bolup dilini daglap gören Heýjan heýwere entek Magtymguly Meňlini, Meňli Magtymgulynygörmänkä bu syry çakalla bilipdi. Çakam çyndan çyn çykdy…

Magtymguly Döwletmämmet aganyň mahmala dolap beren kitaplaryny alyp, Medet agalaryň howlusyna girip barýarka, ony Heýjan heýwere görüpdi. Aýýar çykyp giden Heýjan heýwere öz ýanyndan«obanyň ýokary başynda ýaşaýan Magtymguly obanyň aşak başynda ýaşaýan Medetlere näme diýip gelip biler?» diýip oýlandy. Ol şasuwar Magtymgulynyň nurana kaddy-kamatyny, hüýrzadaMeňliniň sahypjemal keşbi-keşmerini aňynda janlandyryp «Elbetde Magtymguly bilen Meňli söýüşýändir!» diýen netijäni çykardy: »Elbetde, Meňli bilen Magtymguly söýüşýär, sebäbi diňe yşk-heseresataşan nowjuwanlar şeýle owadan bolýar ahyry! Heý,uçmahdan çykan hüýr ýaly Meňli ýagşyzada ýaly Magtymgulyny söýmezmi?!» diýip öz çakyny özi tassyklap, möhürini basyp, etek alty, ýeň ýedi, iliçine myş-myş bolup aýlanyp,myş-myşa zar kişilere jar edip çykdy. Heýjan heýweräniň ýeke gepine ynanmaýan hajygowşanlylar onuň bu gepine ýürekden ynandylar, çünki uly obada şasuwar kaddy-kamatly Magtymgula taý boljak Meňliden başga hüýr gyz,hüýr ýaly jadyly Meňlä taý boljak Magtymgulydan başga mynasyp şasuwar ýigit ýokdy! Garasaý, keriň eşidenini kör gördi, körüň görenini lalbuşlady.

Heýjan heýweräniň goýberen myş-myşy syrgynma syrgyn, köçeme-köçe, öýme-öý aýlanyp Ogulgerek ejäniň gulagyna-da ildi. Emma Meňliniň ejesi ol şum habara ynanmady, çünki Meňli maýa-maňyzly, asylly gyzdy. Ol öler-ýiter, emma ene-atasynyň abraýyna çirk ýetirmez! Onsoňam Meňli gyz göze görnüp başlaly bäri Ogulgerek eje «han gyzyny han ýigide» durmuşa çykaryp, bagtyny açjakbolýanyny Meňlä häli-şindi ýaňzydyp ýördi. Medet aganyň doganoglany Küremiş hanyň ogly Şanazaram Meňliniň görk-görmegine, kaddy-kamatyna daşyndan aşykdy. Şanazar ýaly han ogly yşkynadüşüp ýörkä haýsydyr bir garamaýagy söýer ýaly Meňliniň garagy gapyk däldir!

Garaşylmaýan habar ýonaçylar neberesiniňem gulagyna ildi, emma Arazgül eje gyýbata ähmiýet bermedi, sebäbi. agasy Muhammetsapa durka yşka düşer ýaly Magtymguly akmak däl ahyry!

Yslamberdi TYLLANUROW
Türkmen döwlet
binagärlik – gurluşyk
institutynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
scale 1200 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Mermer şäher Aşgabat

aasdc THE ASHGABAT TIMES
Next Story

15 ýyl ýüreklerde galan owaz

Soňkylar Makalalar

Sagdyn nesil – sagdyn gelejek

03.03.2025
Ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygynyň dikeldilmeginde şypahana bejergisi möhüm ähmiýete eýedir. Döwrebap şypahanalaryň gurulmagy we bar bolanlarynyň durkunyň täzelenilmegi arkaly bu infrastrukturanyň üsti yzygiderli ýetirilýär. Olar

Ýaşlar parahatçylygyň ilçileri

03.03.2025
Türkmen halkynyň ösüş basgançaklaryny kesgitleýän parasatly ýörelgesine çelgi bolup durýan Türkmen Halkynyň Milli lideri- ýaşlary parahatsöýüjilikli ynsanlar edip ýetişdirmekde özüniň öwüt- ündewleri bilen gelejege

Milli ykdysadyýetimiziň  özeni

03.03.2025
       Milli ykdysadyýetimiziň özeni bolup durýan türkmen topragynyň önümleri bilen birlikde dünýäniň çar tarapyna gol salýan parahatsöýüjilikli döwletimiz bu günkigün görülip- eşidilmedik sepgitlere ýetdi.

Gülden näzik gözel zenanlar

03.03.2025
Ýurdumyzda gül-lälelere beslenip gelen bahar paslynyň dowam edýän ajaýyp günlerinde Halkara zenanlar güni – 8-nji mart baýramçylygyny uludan bellemeklik her bir ynsanyň kalbyny heýjana

Sagdyn ıýmıtlenmek saglygyň sakasydyr

28.02.2025
Sagdyn iýmitlenmek adamlaryň beden we akyl taýdan saglygyny saklamakda we ösdürmekde möhüm rol oýnaýar. Düzgünli we deňagramly iýmitlenmek, dürli nutrientleri, witaminleri we minerallary üpjün
GitTop