Dark
Light
27.12.2025
aaaaaa THE ASHGABAT TIMES

Adam bilen tebigatyň arabaglanyşygy

22.06.2024

Adamyň ähli durmuşy gös-­göni tebigat bilen baglydyr. Jemgyýetiň ösüşi, esasan, tebigy baýlyklary ulanmaklyga daýanýar. ХХ asyryň ortasyna çenli tebigy baýlyklar tükeniksiz diýlip hasap edildi. Munuň ýaly senagat pelsepesi tebigy gurşawa düşýän antropogen täsiriň örän äşgär ýüze çykmagyna getirdi.

Bu ösüş ýoly tehnogen ýa­-da tebigy serişdeleri köp sarp edýän diýlip atlandyryldy. Ykdysady ösüşiň bu ýörelgesi zähmeti we maýany saýlap almak bilen, tebigy baýlyklaryň tutýan ornuny we ähmiýetini nazara almaýar, ykdysady ösüşiň, daşky gurşawyň we tebigy serişdeleriň dürli­-dürli görnüşlerde hapalanmagyna we ýaramazlaşmagyna getirýän netijelerine üns berilmeýär, zähmet resurslarynyň ýagdaýyna, ilatyň ýaşaýşynyň hiline edýän täsiri hem doly öwrenilmeýär. Netijede, soňky ýyllarda ekologik fak­torlary nazara alýan düşünjelere bolan garaýşy düýpli üýtgetmek zerurlygy ýüze çykdy.

Ykdysadyýete düýpgöter täze ekologik ­ykdysady taslamalary ornaşdyrmak üçin ykdysady ösüşi ekologiýalaşdyrýan konsepsiýany işläp taýýarlamak we amala aşyrmak zerur bolup durýar. Jemgyýetiň we tehnosferanyň tebigy gurşaw bilen özara gatnaşyklaryna ykdysadyýetiň ähli düzümi–önümçilik, paýlama we sarp ediş çekilýär. Şonuň üçin ykdysadyýet adamzat jemgyýetiniň maddy nygmatlaryna bolan talaby çäksiz, sarp edişi kanagatlandyrmagyň çeşmesi bolan tebigy serişdeler bolsa, çäklidir diýlen düýpli düzgünlere esaslanyp ösmelidir.

Allanazar AÝDYÝEW

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

2852786 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«MAGTYMGULY PYRAGY – ADAMZAT ABADANÇYLYGYNYŇ WASPÇY ŞAHYRY» ATLY YLMY-AMALY MASLAHATDAN PURSATLAR

348fb144c0bf5f2fa61f1029a27368e8 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Oba hojalyk pudagyndaky ýetilen sepgitler

Soňkylar Makalalar

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

27.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy
GitTop