Dark
Light
25.01.2026
07032023 001 THE ASHGABAT TIMES

«Çaga sallançagyny ýasamak we hüwdiniň ýerine ýetirijilik däplerini» ÝUNESKO-nyň sanawyna girizmek meýilleşdirilýär

27.06.2024

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary we onuň sekretariaty 2024-nji ýylda-da ýurduň milli medeniýetini has ösdürmek, halkyň milli mirasyny, asylly ýol-ýörelgelerini, däp-dessurlaryny gorap saklamak, dikeltmek we olary umumadamzat gymmatlyklaryna öwürmek babatdaky anyk işleri yzygiderli dowam etdirýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalada bellenilýär.

Makalada bellenilişi ýaly, mart aýynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy bilen bilelikde Halkara «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däplerini» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek maksady bilen, hödürnama taýýarlanylyp, guramanyň sekretariatyna iberildi.

Şeýle hem bu döwürde Türkmenistanyň teklibine laýyklykda, Täjigistanyň we Eýranyň goldamagynda «Çaga sallançagyny ýasamak we hüwdiniň ýerine ýetirijilik däplerini» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin köptaraplaýyn hödürnama taýýarlanylyp, bu gurama ýetirildi.

«Ýurduň welaýatlarynyň taryhyny çuňňur öwrenmek, olaryň çäklerinde saklanyp galan, emma entek hasaba alynmadyk we doly öwrenilmedik taryhy-medeni we tebigy ýadygärlikleri ýüze çykarmak, olaryň hem halkara derejesini beýgeltmek babatda degişli işleri meýilnamalaýyn esasda alyp barmagy dowam etdirýäris» diýip, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowa belleýär.

9eff3b9490b155feb8782b8f255ae65c THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Türkmenhowaýollary» Saud Arabystany Patyşalygyna ýolagçy howa gatnawlarynyň sanyny artdyrýar

ikpqehqvwj8vkcaikihi4ew7alz1qavitmwiyt92 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen wekiliýeti “Hytaý — Ýewraziýa EKSPO” halkara sergisinde

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop

Don't Miss