«Galkynyş» gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alyndy

19.06.2024

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň burawlaýjylary Gurban baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde “Galkynyş” gaz känindäki 259-njy ulanyş guýusyndan tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymyny aldylar.

«Nebit-Gaz» gazetiniň 2024-nji ýylyň 18-nji iýunynda çap edilen sanynda habar berilmegine görä, müdirligiň burawlaýjylary guýynyň buraw işlerini 4 müň 461 metr çuňlukda ýerine ýetirdiler. Olar 4 müň 461 — 4 müň 350 metr aralyklardaky gatlaklardan senagat ähmiýetli gaz akymyny aldylar.

Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, ulanyş gaz guýusy her gije-gündizde iki million kub metrden köpräk tebigy gaz berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, bu gaz guýusynyň buraw we gurluşyk işlerinde «Galkynyş» gaz käniniň geologik we tehniki häsiýetlerine gabat gelýän Ýaponiýanyň «Sumitomo» kompaniýasynyň oturtma we sorujygysyjy turbalary, çüwdürim armaturalary hem-de sütün başlary, şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň dünýä belli kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýaly ýerasty enjamlary giňden ulanyldy.

«Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary häzirki wagtda «Galkynyş» gaz känindäki 260-njy hem-de 265-nji ulanyş gaz guýularynda-da burawlaýyş işlerini ýokary depginde alyp barýarlar.

«Biznes Türkmenistan», 19.06.2024ý.

loader-image
Ashgabat
5:03 am, Sep 19, 2024
temperature icon 19°C
ясно
Humidity 33 %
Pressure 1018 mb
Wind 0 mph
Wind Gust Wind Gust: 1 mph
Clouds Clouds: 0%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:51 am
Sunset Sunset: 7:08 pm
Öňki taryh

«Talyp joşguny – 2024» döredijilik festiwaly tamamlandy

Next Story

Türkmenistanyň we Awstriýanyň kompaniýalarynyň wekilleri üwmeç, maýonez önümçiliginde hyzmatdaşlygy ylalaşyga gol çekdiler

Soňkylar Habar

GitTop

Don't Miss