6556 THE ASHGABAT TIMES

KIBERHOWPSUZLYK BARADA BILMELI ZATLARYMYZ

10.06.2024

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ägirt uly serişdelere we ykdysady kuwwata eýe bolan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan innowasion ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda öndebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylyp, sanly hyzmatlaryň görnüşleri yzygiderli artdyrylýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ähli pudaklary sanlylaşdyrmagy milli ykdysadyýetimiziň ulgamlaýyn meselelerini çözmegiň möhüm ugry hökmünde kesgitledi.

Ähli ulgamlaryň sanly tehnologiýalara daýanmaklygy oňyn täsirler bilen birlikde maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, kiber hüjümlerden goranmak meselelerini hem orta goýýar.

Kiber howpsuzlyk – kompýuterleri, serwerleri, ykjam enjamlary, elektron ulgamlary, torlary we maglumatlary zyýanly hüjümlerden goramak üçin usullaryň we amallaryň ýygyndysydyr.

  • Maglumatlaryň bitewiligi;
  • Maglumatlaryň gizlinligi;
  • Maglumatlaryň el ýeterliligi.

Kiber howpsuzlygyň ýüze çykýan ýerleri: Sanly gurluşlarda, Onlaýn hereketlerde, Ulanyjylaryň psihiki ýagdaýyny goramakda.

Sanly gurluşlar üçin kiber hüjümleriň döremek görnüşleri: Wiruslar we gurluşy ýitirmek, ogurlatmak.

Iň howply wiruslar

Maýnerler – size degişli kriptowalýutalary alyp, başgalara ugradýarlar.

Şifrleýjiler – size degişli faýllary kodlaýalar we ony açmak üçin sizden töleg soraýarlar.

Bank troýanlary – size degişli bank kartlaryň berlenlerini, bank smslerini eýeleýärler we özüni bank işgärleri hökmünde alyp barýarlar.

Gurluş ýitirlende ýa-da ogurlananda dörejek howplar

SMS-leriň, sosial ulgamlardaky ýazyşmalaryň okalmagy, siziň adyňyzdan ýazyşylmagy;

Töleg, Çapar ýaly programmalaryň kömegi bilen bank kartlaryňyzyň boşadylmagy;

Suratlaryňyzyň, wideolaryňyzyň paýlaşylmagy;

Sanly gurluşy nähili goramaly?

Brauzerlerde reklama edijileri bloklamaly;

Antiwirus programmalary ulanmaly;

Parollar, pinkodlar ulanmaly;

Onlaýn işlemekde döreýän howplar

Resmi däl saýtlaryň hüjümi;

Sosial ulgamlardaky galp ulanyjylaryň hüjümi;

Galp ulanyjy ady bilen gelen elektron hatlaryň zyýany;

Kiber hüjümlerden nädip goramaly?

Programma üpjünçiligiňizi we operasiýa ulgamyňyzy täzeläň. Täze programma üpjünçiligi bilen iň soňky howpsuzlyk düzedişlerini alarsyňyz.

Wirusa garşy programma üpjünçiligini ulanyň. Kaspersky Total Security ýaly howpsuzlyk çözgütleri howplary ýüze çykarmaga we ýok etmäge kömek edip biler. Iň ýokary howpsuzlyk üçin programma üpjünçiligiňizi yzygiderli täzeläň.

Güýçli parollary ulanyň. Saýlamak ýa-da çaklamak aňsat bolan kombinasiýalary ulanmaň.

Näbelli iberijilerden e-poçta goşundylaryny açmaň – zyýanly programma üpjünçiligi ýokaşyp biler.

Näbelli iberijilerden ýa-da näbelli web sahypalaryndan poçta bilen alnan baglanyşyklary yzarlamaň – bu zyýanly programma üpjünçiliginiň ýaýramagynyň adaty usullaryndan biridir.

“Man-in-Middle” hüjümlerine sezewar bolýan goragsyz jemgyýetçilik Wi-Fi torlaryndan gaça duruň.

Ynha, kiberhowpsuzlyk we onuň düzgünleri, görnüşleri bilen bagly bilmeli başlangyç düşünjelerimiz şulardan ybarat. Bu maglumatlary bilmek häzirki we geljekki mugallymlar üçin örän möhümdir. Çünki agzalýan meseleler ýaş nesliň sagdyn ruhda kemala gelmegini gazanmakda göniden göni täsir edýär.

Ýazgül BAÝEKOWA
Lebap welaýatynyň
Türkmenabat şäheriniň
maglumat tehnologiýalary,
programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna
ýöriteleşdirilen 32-nji orta
mekdebiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
east THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanda hemra aragatnaşyk ulgamy E52

9711522ca4917788eaf83ea226d7c0b2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň Türkmenistana döwlet sapary başlanýar

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop