magtymguly we puskin 1 1 THE ASHGABAT TIMES

Magtymguly Pyragy we Aleksandr Puşkin

28.06.2024

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy halkyň kalbynyň owazydyr, ummana deňelýän ýiti pähim-paýhasy, belent mertebesi, ruhy baýlygy bolsa tapylgysyz hazynasydyr. Söz ussadynyň her bir setiri indi talar sözleri, nakyllar ýaly türkmeniň kalbynda ebedilik ornaşyp, aýdyň ýoly salgy berýär.

Halkynyň parahat we bagtly durmuşda ýaşamagyny arzuw eden beýik şahyr nesillere çuňňur paýhasa, arassa duýgulara ýugrulan ajaýyp şahyrana mirasy galdyrdy. Şunuň bilen baglylykda, Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň ähmiýeti milli çäklerden çykyp, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi, adamzadyň aň-paýhas hazynasyna mynasyp goşant boldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda medeniýeti, ylym-bilimi ösdürmek we kämilleşdirmek babatda döwlet derejesinde uly işler alnyp barylýar. Beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň dürdäne şygyrlarynda hem ylym-bilimi kämilleşdirmek bilen bagly paýhasly setirleriniň aýratyn ähmiýeti bar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Magtymguly Pyragynyň belent daglardan şaglap gaýdýan boz bulaklar ýaly arassa duýgulara, arşy belentlige göterilen beýik pikirlere baý edebi mirasy çeper döredijilik bilen meşgullanýan medeniýet we sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, žurnalistler, suratkeşler, heýkeltaraşlar, bagşy-sazandalar, kompozitorlar, artistler üçin nusgalyk mekdepdir» diýip belleýär. Şu nukdaýnazardan, akyldar şahyrymyzyň eserleri ähli döredijilik adamlary üçin ylham çeşmesidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede giňden baýram edilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan şu ýylymyzyň bolsa dana Pyragynyň döredijiligini dünýä ýaýmakda ähmiýeti uludyr. Çünki söz ussadynyň belent ynsanperwer taglymlara ýugrulan edebi mirasy umumadamzat gymmatlygydyr.

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy köp sanly beýik şahsyýetler bilen deňelýär. Olaryň biri hem beýik rus şahyry A.S. Puşkindir. Olaryň hersi aýry-aýry döwürlerde ýaşap, dürli dilde gürläpdirler. Ýöne muňa garamazdan, milli öwüşginleri we dünýägaraýşy bilen tapawutlanýan ajaýyp eserleri döredipdirler. Hakykatdan-da, öz döwrüniň beýik şahsyýetleri bolan iki şahyr hem döredijiliginde geçmişiň şan-şöhratly taryhyny saklap, şu güni täsirli beýan edipler. Her bir nesil üçin Magtymguly Pyragy bilen Aleksandr Puşkiniň ebedi mirasy ruhy päklenmäniň we ahlak taýdan galkynmagyň çeşmesine öwrülýär.

Beýik rus şahyry A.S. Puşkiniň doglan güni bolan 6-njy iýun – köp dilliligi we medeni köpdürlüligi goldamak hem-de ösdürmek maksatnamasynyň çäklerinde BMG-de Rus diliniň güni hökmünde bellenilýär. Bu maksatnamanyň esasy maksatlarynyň biri – BMG-de alty resmi diller bolan: iňlis, arap, ispan, hytaý, rus we fransuz dilleriniň deňhukuklylygyny goldamakdyr.

ÝUNESKO-nyň başlangyjy bilen her ýylyň 21-nji fewralynda bellenilýän Ene diliň halkara gününiň öň ýanynda Jemgyýetçilik habarlary departamenti (häzirki Ählumumy kommunikasiýalar departamenti) Diller günlerini geçirmek barada karar kabul etdi.

Medeni çäreler aýdym-sazlary we edebi eserleriň ýerine ýetirilmegini, bäsleşikleri, sergileri, estrada tomaşalaryny we medeniýet işgärleriniň çykyşlaryny, Milli tagamlar günlerini we folklor toparlarynyň çykyşlaryny, kinofilmleriň görkezilişini we BMG-niň resmi dilleriniň birini öwrenmek isleýänler üçin guralýan ekspress-sapaklary öz içine alýar.

Beýik rus şahyry A.S. Puşkiniň edebi döredijiligi gymmatlydyr. Onuň eserleri dünýä dilleriniň onlarçasyna terjime edildi. Türkmenistan döwletimizde daşary ýurt dillerini, şol sanda milletara gepleşik dili bolan rus dilini öwrenmäge uly üns berilýär. Eziz Diýarymyzda A.S.Puşkiniň ýagty ýadygärligine we döredijiligine uly sarpa goýulýar. Ýurtda A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus umumy bilim berýän mekdep, döwlet rus drama teatry bar. Aşgabatda şahyryň adyny göterýän köçede Puşkiniň ýadygärligi oturdyldy. Edil şonuň ýaly-da, Magtymguly Pyragynyň ýadygärlikleri rus topragynyň ençeme ýerlerinde dikildi.

Ata Watanymyzda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem rus diliniň orny aýratyndyr. Ýurdumyzda çapdan çykýan gazetler we žurnallar, şol sanda merkezi «Нейтральный Туркменистан» gazeti rus neşir edilýär. Ýerli teleradioýaýlymlarda rus dilli gepleşikler diňleýjilere ýetirilýär. «Türkmenistan» halkara teleýaýlymy 7 dilde, şol sanda rus dilinde gepleşikler berýär. Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugy hem rus dilinde edebi kitaplarydyr okuw kitaplaryny çykarýar.

Sapargül HASANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
6:33 pm, Feb 22, 2025
temperature icon 3°C
пасмурно
Humidity 81 %
Pressure 1024 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:48 am
Sunset Sunset: 6:52 pm
park 11 scaled 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Magtymguly Türkmeniň beỳik Mugallymy

prezentacziya2 e1719592856127 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Magtymgulynyň döredijiliginde döwletlilik taglymatynyň beýany

Soňkylar Makalalar

Türkmen gelin-gyzlaryň täsin gözelligi

21.02.2025
Türkmen medeniýetinde toýlar aýratyn ähmiýete eýe bolup, gelin gyzlaryň şaý-sepleri toýuň iň gözelligi we täsin bezegleriniň biridir. Şaý-sepler diňe bir bezeg däl, eýsem medeni

Ynsan ösüşiniň esasy çeşmesi

21.02.2025
Bilim, adamzadyň intellektual, ruhy we fiziki ösüşiniň möhüm bir bölegidir. Bilim, adamzat taryhynda iň gymmatly we täsirli maglumatyň çeşmesidir we jemgyýetleriň ösüşinde möhüm rol

 Maglumatlaryň we Sungatyň Hazynasy

21.02.2025
Kitaplar, adamzat taryhynda iň gymmatly we täsirli maglumat çeşmelerinden biri bolup, bilim, medeniýet, we döredijiligiň ornaşdyrylmagynda möhüm rol oýnaýar. Kitaplar dürli mazmunlary, temalary we

Adamzadyň akyl ulgamy

21.02.2025
Düşler, adamzadyň akyl ulgamynyň örän gymmatly we şüweleňli bir bölegidir. Düşler adama aň, duýgy we tebigat barada çuňňur düşünje berýär. Düşler diňe bir ýatanda

Tebigatyň Gözelligi we Janlanmasy

21.02.2025
Ýurdumyzda bag – bossanlyk tebigatyň janlanmasyny, gözelligini we adamlaryň durmuşyna sazlaşyk getirmek üçin döredilen aýratyn mekandır. Baglar, tebigatyň dürli görnüşleriniň we ösümlikleriniň jemlenýän ýerleri
GitTop

Don't Miss