«Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

25.06.2024

2024-nji ýylyň 24-nji iýunynda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşiniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli bilelikde yglan eden «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Oňa bäsleşigiň guramaçylary we ýeňijileri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň toý-baýramlara beslenýän ajaýyp günlerinde beýik akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralýan dürli çäreler şu ýyl Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň köpöwüşginli dabaralary bilen hem utgaşýar. Şol sanda beýik söz ussadymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň redaksiýalarynyň syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde yglan eden döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlenilip, ýeňijilere sylaglaryň gowşurylyş dabaralarynyň geçirilmegi-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öňüsyrasynda olaryň durmuşynda ýatdan çykmajak ýakymly pursatlara beslenýär. Şanly ýylda «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň ýurdumyzyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşi bilen bilelikde žurnalistleriň we mirasgärleriň arasynda yglan eden «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy hem köňüllere ylham beren şeýle ajaýyp medeni çäreleriň biri boldy.

Döredijilik bäsleşiginiň maksady Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny täzeçe röwüşde öwrenmek babatda alnyp barylýan işler bilen okyjylar köpçüligini tanyşdyrmakdan, söz ussadynyň türkmen we dünýä halklarynyň durmuşyndaky, edebiýatyndaky ornuny anyk mysallar arkaly açyp görkezmekden, bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylýan giň gerimli işleriň ähmiýetini şöhlelendirmekden, gazanylýan üstünlikleri giňişleýin beýan etmekden ybarat boldy. Ýurdumyzyň alymlary, mirasgärlerdir žurnalistler oňa işjeň gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşanlaryň arasynda döredijilik bilen meşgullanýan köp sanly ýaşlaryň hem bolmagy guwandyryjydyr. Munuň özi Pyragydan ylham alan nesilleriň ýürek joşgunynyň egsilmezdiginiň, halypa-şägirtlik ýolunyň dowamat-dowamdygynyň aýdyň mysalydyr.

Makalalary we oçerkleri ýazmak boýunça geçirilen bäsleşik yglan edilen gününden başlap, «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasyna köp sanly awtorlaryň eserleri gelip gowuşdy. Şolaryň hatarynda redaksiýa bilen öňden işjeň aragatnaşyk saklaýan halypalar bilen birlikde «täze ýüzleriň» hem bardygyny bellemek gerek. Hödürlenen makalalardyr oçerkleriň birnäçesi bäsleşigiň degişli nyşany astynda gazetiň dürli sanlarynda çap edildi.

Ýurdumyzyň baýry gazetiniň redaksiýasynyň döredijilik işgärlerinden ybarat eminler toparynyň gelen netijelerine laýyklykda, bäsleşigiň makalalary ýazmak ugry boýunça

  • Baş baýraga Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, ýazyjy Agageldi Allanazarow,
  • I orna Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Seýitguly Geldiýew,
  • II orna Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty Juma Orazgylyjow hem-de Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Oguljemal Çaryýewa,
  • III orna Medeniýet ministrliginiň bölüm başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty Agamyrat Baltaýew, ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan şäheri) baş konsullygynyň ikinji sekretary Aşyraly Nazarow we Türkmenistanyň ussat mugallymy, mirasgär Hangylyç Tagangylyjow mynasyp boldular.

Bäsleşigiň oçerkleri ýazmak ugry boýunça

  • Baş baýrak Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory Nurýagdy Suwhanowa gowşuryldy.
  • I orna «Biznes reklama» gazetiniň jogapkär kätibiniň orunbasary, şahyr Gurbandurdy Orazow,
  • II orna «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm müdiri, žurnalist Meretgylyç Ýagmyrow hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Ejegyz Çaryýewa,
  • III orna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Araznepes Mämmetjumaýew, «Güneş» žurnalynyň habarçysy Garahanjar Baýhanow we Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň terjimeler bölüminiň terjimeçisi Dawut Asgarow mynasyp boldy.
  • Höweslendiriji orna «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň bölüm redaktory Aýjahan Annabaýewa, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» teleýaýlymynyň teswirleýjisi Parahat Mämmetnurow, «Türkmenistan» gazetiniň habarçysy Baýramberdi Geldimyradow, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň ýaşaýjysy Gülaýym Akynyýazowa hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Annabeg Aýmakow dagylar mynasyp boldular. Ýeňijiler bäsleşigiň guramaçylary tarapyndan degişli diplomlardyr gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy.

Dabaranyň barşynda çykyş edenler milli medeniýetimizi, edebiýatymyzy we sungatymyzy ösdürmek, doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede bellenilýän beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen baý many-mazmunly döredijiligini öwrenmek we dünýä ýaýmak babatda taýsyz tagallalar edýän Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
3:12 am, Nov 24, 2024
temperature icon 7°C
облачно с прояснениями
Humidity 100 %
Pressure 1019 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 52%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:56 am
Sunset Sunset: 5:49 pm
Öňki taryh

Babadaýhanlar ýurduň harmanyna 1 million tonnadan gowrak bugdaý tabşyrdylar

Next Story

Arap neşirinde türkmen ilçisiniň Katar bilen gatnaşyklaryň ähmiýeti baradaky makalasy çap edildi

Soňkylar Habar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

22.11.2024
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy

Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy

20.11.2024
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda
GitTop

Don't Miss