Dark
Light
26.01.2026
prinicipia title THE ASHGABAT TIMES

Nýutonyň «Natural filosofiýanyň matematiki başlangyçlary» atly ylmy işiniň ähmiýeti

10.06.2024

Umuman, Nýuton özüniň işlerini göwünsiz çap edipdir. Onuň döwürdeşleri Nýutonyň beýikdigini bilýärdiler. Dogry, alymlaryň hemmesi oňa düşünmeýärdiler we ony kabul etmeýärdiler. Onuň ähli çap eden işleri, şol sanda ilkinjilik baradaky sorag, güýçli jedelleri döredýärdi (oýlanyp tapylan teleskop- refraktory, disper-siýa hadysasy, ýuka gatlaklaryň reňkleri, bütindünýä dartylma kanunynyň açylma-gy, differensial we integral hasaplama usuly we ş.m.). Bu jedeller Nýutony gynandyrýardy, bu garaýyşlar şol wagtlar «howada asylyp» durdylar. Şol sebäpli Nýuton özüniň «Natural filosofiýanyň matematiki başlangyçlary» atly kitabyny uzak wagtyň dowamynda çap etmedi. Şol döwrüň me-hanikasy, optikasy we matematikasy netijeleýji açyşlar üçin taýýardy we Nýuton bu netijeleýji işi örän ýönekeý ýerine ýetirdi.

687-nji ýylda adamzat taryhynda iň belli kitaplaryň biri – Nýutonyň «Natural filosofiýanyň matematiki başlangyçlary» atly kitaby (bu ki-taby gysgaça «Başlangyçlar» diýip hem atlandyrýarlar) çapdan çykdy. Bu kitap dünýäniň ulgamy baradaky Kopernigiň işinden 144 ýyldan soň çap edildi. Kopernigiň geliosentr-ik ulgamy indi dinamiki esasa eýe boldy we berk ylmy nazaryýete öwrüldi. Bu kitap şol bir wagtyň özünde nusgawy mehanikany döretmek boýunça Galileýiň, Dekartyň, Gýuýgensiň we beýleki alymlaryň işlerini jemledi we onuň indiki ösüşiniň berk esasyny goýdy. Nýutonyň «Başlangyçlary» ylmyň ösüşinde täze eýýamyň başlanandygyny alamatlandyrdy.

«Başlangyjyň» birinji neşiriniň sözbaşyny Nýutonyň özi ýazdy. Ol bu ýerde öz döwrüniň tebigy biliminde «tebigat hadysalaryny matematiki kanunlara tabyn etmek» ymtylyşyň bardygy barada aýtdy. Soňra Nýuton mehaniki fizikanyň meýilnamasyny ýazdy we fizikanyň çözmeli meselesini düzdi: «Geljekde fizikanyň ähli kynçylygy hereket hadysalary boýunça tebigatyň güýçlerini bilmekden, soňra bolsa bu güýçler boýunça beýleki ähli hadysalary düşündirmekden ybarat bolar».

Nýutonyň ylmy döredijiliginiň depesi bolan «Başlangyç» üç bölümden ybarat bolup, ilkinji iki bölümde jisimleriň hereketi barada gürrüň edilýär, soňky bölüm dünýä ulgamyna bagyşlanandyr.

Nýutonyň esasy we möhüm üstünligi mehanikadadyr. Ol güýçleriň aralyga baglylygyny aldy we ol bu baglanyşygyň üsti bilen tebigatdaky ähli hadysalary düşündirip bolar, diýip aýdýar. Şeýlelikde, Nýutonyň dünýäsi – mehaniki dünýä. Ondaky ähli hadysalar, şol sanda optiki hadysalar (korpuskulýar we tolkun) mehani-kanyň kanunlary bilen düşündirilýär.

Nýutonyň «Natural filosofiýanyň matematiki başlangyçlary» atly işinde:

  • mehanikanyň esasy düşünjeleriniň kesgitlemesi getirildi;
  • mehanikanyň esasy kanunlary (Nýutonyň kanunlary) getirildi;
  • mehanikanyň kanunlarynyň merkezi güýçleriň täsirindäki hereketlere ulanyşy getirildi;
  • bütindünýä dartylma kanuny esaslandyryldy we dünýäniň gurluşy beýan edildi, ýagny dartylma kanuny esasynda planetalaryň we hemralaryň hereke-ti hasaplandy;
  • Nýutona çenli edilen işler umumylaşdyryldy we ösdürildi

Goç BEGMURADOW
Türkmenistanyň Döwlet
energetika institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

blaise pascal THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Galileýiň döwürdeşleriniň ylmy garaýyşlary

william gilbert 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Jisimleriň magnit we elektrik häsiýetleri barada ilkinji maglumatlar

Soňkylar Makalalar

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty

23.01.2026
Häzirki wagtda deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetlilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasy dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Şunda hemişelik Bitaraplygymyzyň
GitTop