Dark
Light
26.01.2026
ce9fd5aa2a63cc33f6fd6c22c0671c65 THE ASHGABAT TIMES

Telewideniýäniň durmuşdaky orny

10.06.2024

Telewideniýe diýip predmetleriň şekillerini we sesi aralyga geçirmek bilen meşgullanýan häzirki zaman radioelektronikanyň pudagyna aýdylýar. Telewideniýe – tele-uzak, daş diýlen grek we video-görýärin diýen latyn sözünden alnan televisio latyn sözi türkmençe uzakdan (daşdan) görmek manyny berýär.

Telewideniýe radioalypeşitdiriş bilen bilelikde maglumatlary (syýasy, medeni, ylmy we okuw we beýlekiler) has giňişleýin ýaýradýan serişdedir we aragarnaşyk serişdeleriniň esasylarynyň biri hasaplanýar. Eger, adamyň daşky dünýä barada-ky maglumatlaryň 90%-ine golaýyny görüş arkaly kabul edýändigini hasaba alsak, onda bilimiň bu pudagynyň möhümdigi düşnükli bolýar.

Sanly tehnika telewizoryň ýatda saklaýan gurluşyna, ertirlerine ukudan oýarar ýaly, ulanyja gerek bolan programmany birikdirer ýaly, gerek gepleşigi wideomagnitofona awtomatik usulda ýazar ýaly programmalary birnäçe gün öňünden girizmäge mümkinçilik berýär. «Wideotekst», «Teletekst» we beýleki ulgamlaryň kömegi arkaly zerur maglumatlary: uçarlaryň uçýan we gonýan wagtlaryny, howa maglumatyny, satuwa çykarylan täze önümler baradaky maglumatlary we ş.m. maglumat merkezlerinden sorap we ekranda görüp bolýar.

Telewizion tehnika adamyň durmuşynyň dürli pudagynda, tehnikada, ykdysadyýetde, ulagda, ylmy gözegçiliklerde we başga-da köpsanly ulgamlarda giňden ulanylýar. Telewizion ulgamlar kosmos giňişligini öwrenmekde we özleşdirmekde ulanylýar. Kosmiki tehnikanyň üstünlikleri netijesinde hemra telewideniýesi ösýär. Telewizion programmalary bir yklymdan beýlekä geçirmek adaty ýagdaýa öwrüldi. Ýeriň hemralaryndan programmalary hususy telewizorlara gös-göni almaga müm-kinçilik berýän hemra telewizion ulgamlary hereket edýär.

Häzirki zaman telewizorlarynyň esasy aýratynlygy olaryň köp funksionallygydyr. Bu telewizorlara wideomagnitofon, personal kompýuteri, dürli ýörite gurluşla-ry birikdirip bolýar. Diwara, edil surat ýaly asyp bolýan tekiz ekranly telewizorlar we gepleşikleri köpçülik bolup sereder ýaly, meýdany ýüzlerçe kwadrat metr bolan uly ekranly telewizorlar döredildi. Stereoskop şekilleri berýän telewizorlar, örän kiçi ekranly jübi telewizorlary, şeýle hem ekranlarynda birwagtyň özünde alty tele-kanaly görüp bolýan telekabuledijiler oýlanyp tapyldy

Leýla ANNABERDIÝEWA
Türkmenistanyň Döwlet
energetika institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

robert noyce jack kilby inventatorii ic THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Integral mikroshemalaryň (çipleriň) we mikroelektronikanyň döremegi

220223 028 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

INTERNET ULGAMY BARADA ANYK MAGLUMATLAR

Soňkylar Makalalar

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty

23.01.2026
Häzirki wagtda deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetlilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasy dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Şunda hemişelik Bitaraplygymyzyň
GitTop