Türkmen wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçirilen «Suw we howanyň üýtgemegi» atly foruma gatnaşdy

19.06.2024

2024-nji ýylyň 10-nji iýunynda Duşenbede Merkezi Aziýanyň ýokary derejeli «Suw we howanyň üýtgemegi» forumy geçirildi. Forum Ýewropa Bileleşigi we Täjigistan Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrligi bilen bilelikde Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy tarapyndan guraldy. Bu barada Türkmenbaşy Halkara deňiz portynyň resmi websaýty habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, bu çäre Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň esasy hökümet wekillerini we beýleki gyzyklanýan taraplary bir ýere jemledi.

Forumda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň bölüm başlygy Berdi Berdiýew çykyş etdi.
Ol öz çykyşynda Türkmenistanyň Hökümetiniň BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Howa tehnologiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmegini gollandygyny belledi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri «Ýaşlaryň bähbitlerine suw gorlary we demografik durnuklylyk» atly duşuşyga gatnaşdylar we çykyş etdiler. Geçirilen forum Ilat we ösüş boýunça Parlamentarileriň Aziýa forumynyň Täjigistan Respublikasynyň Parlamenti bilen bilelikde Duşanbe şäherinde geçirildi.

Türkmenistanyň Täjigistandaky diplomtik gullugynyň habar bermegine görä, Halkara parlament forumyna Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasy we Ilat we ösüş boýunça Halkara Konferensiýasy (ICPD 30) guramaçy bolup gatnaşdylar. Halkara parlament forumy «Durnukly ösüş üçin suw, 2018 — 2028 ý.» Hereketleriň halkara onýyllygy boýunça ýokary derejeli Üçünji halkara konferensiýasynyň çäklerinde guraldy.

Demografik üýtgemeler, ýaşlaryň ösüşi, bilim we iş üpjünçiligi Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň, şol sanda Merkezi Aziýa sebitiniň syýasy pikir alyşmalarynda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Nobatdaky Halkara parlament forumy bu ugurda pikir alyşmaga meýdança bolup çykyş edýär.

Iş saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde guralýan «Zenanlar we suw» atly Zenanlaryň halkara suw Forumyna Merkezi Aziýanyň Zenanlarynyň dialogynyň agzalary, halkara we milli bilermenler, ylmy işgärler we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili «Zenanlar we suw» atly Zenanlaryň halkara suw forumyna gatnaşdy.

Forumyň netijeleri Duşanbe şäherindäki «Durnukly ösüş üçin suw» atly onýyllyk konferensiýanyň jemleýji mejlisinde hödürlener.

loader-image
Ashgabat
4:59 am, Sep 19, 2024
temperature icon 15°C
небольшая облачность
Humidity 58 %
Pressure 1018 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 20%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:51 am
Sunset Sunset: 7:08 pm
Öňki taryh

Katar Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparyna girdi

Next Story

Garlyk gowaklary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi

Soňkylar Habar

GitTop

Don't Miss