Dark
Light
25.01.2026
b925d811878d8df3900a5afa3a5f849d e1718811735844 THE ASHGABAT TIMES

Türkmen zyýaratçylary Saud Arabystanynda gurbanlyk sadakasyny berdiler

19.06.2024

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, türkmen zyýaratçylarynyň uly topary haj parzyny berjaý etmek üçin, Saud Arabystany Patyşalygyna iberildi. «Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, keramatly Mekge-Medinä haj zyýaratyny amala aşyrýan türkmen zyýaratçylary döwlet Baştutanynyň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň beýik işleriniň rowaç bolmagyny, türkmen halkynyň we tutuş adamzadyň parahat ýaşaýşyny dileg edip, gurbanlyk sadakasyny berdiler.

Ýeri gelende, geçen ýylyň iýunynda Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygynda haj däp-dessurlaryny berjaý edip, keramatly Mekge topragynda berlen gurbanlyk sadakasyna gatnaşandygyny bellemek gerek.

Türkmen zyýaratçylary tutuş yslam dünýäsiniň mukaddes ojagynda gurbanlyk sadakasyny bermäge hoşallyk duýgulary bilen gatnaşdylar.

Soňra gurbanlyk sadakasyna gatnaşyjylara nahar çekildi. Hödürlenen tagamlardan dadan zyýaratçylar hajy Arkadagyň başyny başlan giň möçberli işleriniň hormatly Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini, halkyň bagtyýarlygyny, ýurduň abadançylygyny dileg etdiler. Şonuň ýaly-da, ýagşy dessurlaryň, tutumly işleriň uly üstünlikler bilen dowam etdirilmegi ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin alkyş sözleri aýdyldy.

Tagam dadylandan soňra, aýat-töwir okalyp, asylly işleriň amala aşyrylýan, ýagşy dilegleriň kabul bolýan aýynda beýik işleriň mundan beýläk-de dowamat-dowam bolmagy, döwletli tutumlaryň rowaçlyklara beslenmegi dileg edildi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

wengriya1 2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň we Awstriýanyň kompaniýalarynyň wekilleri üwmeç, maýonez önümçiliginde hyzmatdaşlygy ylalaşyga gol çekdiler

e95c8b99cf63d695ff2652cdf9523781 1280px e1718875152427 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Gazagystan daşary ýurt metbugatynyň gözi bilen» ady bilen bäsleşik geçirilýär

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop