hhhh THE ASHGABAT TIMES

«Türkmendemirýollary» agentliginiň we «Hytaý demirýollary» döwlet korporasiýasynyň ýolbaşçylarynyň arasynda sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşyk geçirildi

15.06.2024

Türkmenistan hytaý kompaniýalary bilen demirýol maýa goýum taslamalary boýunça gepleşikleri geçirmek mümkinçiligine garamaga taýýar.

«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň habar bermegine görä, bu barada 12-nji iýunda «Türkmendemirýollary» agentliginiň we «Hytaý demirýollary» döwlet korporasiýasynyň ýolbaşçylarynyň arasynda sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşykda agzaldy.

Şeýle hem Türkmenistan duşuşygyň dowamynda birnäçe demirýol ulaglaryny satyn almak, konteýnerli ýük daşalyşyň mukdaryny ýokarlandyrmak we iki ýurduň milli logistika operatorlarynyň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselesini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny beýan etdi.

Habarda bellenilişi ýaly, iki ýurduň demirýol administrasiýalarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, hyzmat merkezlerini döretmek, hünärmenleri taýýarlamak we bu pudakda geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny taýýarlamak meselelerine garadylar.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu resminama «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy Azat Atamyradow we «Hytaý demirýollary» döwlet korporasiýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Lýu Ženfan gol çekdiler.

loader-image
Ashgabat
2:11 am, Mar 27, 2025
temperature icon 7°C
облачно с прояснениями
Humidity 70 %
Pressure 1024 mb
Wind 1 mph
Wind Gust Wind Gust: 3 mph
Clouds Clouds: 57%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:59 am
Sunset Sunset: 7:24 pm
humay THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Jerimeleri tölemek üçin «Galkan» mobil goşundysy hödürlenilýär

rgpahufj9ehfm5e0urc0cil82ag1rkcj THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen-Rus uniwersitetiniň, drama teatryň we orta mekdebiň gurluşygy maslahatlaşyldy

Soňkylar Habar

Türkmen mugallymlary Rumyniýa iş saparynda

25.03.2025
HYYweÖU-nyň mugallymlary Erasmus+ maksatnamasynyň çäklerinde Alba-Iulia şäheriniň “1 Decembrie 1918” uniwersitetine iş sapary bilen barypdyr. Saparyň möhleti 2025-nji ýylyň 24-28-nji mart aralygynda dowam edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbeýjan stendi bilen tanyşdy

23.03.2025
Türkmenistandaky Berzeňňi şypahanasynda köpçülikleýin agaç ekmekligiň dowamynda däp bolan “Dünýä aşhanasy” bäsleşigi geçirildi. Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrligi tarapyndan gurnalan bu çärä dürli ýurtlaryň diplomatik
GitTop

Don't Miss