Dark
Light
25.01.2026
birza THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy

18.06.2024

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alnandygy barada TDH ýazýar.

Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini hem-de polipropileni satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine ýorgan-düşek daşlyklary, tüýjümek matalar, jins önümleri, jins hem-de nah mata, nah ýüplük, portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 763 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurduň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 537 million 257 müň manatdan gowrak bolan polipropileni, garylan parafin galyndysyny, binýatlyk ýagy («Türkmennebit» döwlet konserni), tehniki uglerody, tehniki ýody, bişofiti, natriý sulfatyny («Türkmenhimiýa» döwlet konserni), float aýnasyny we el halylaryny satyn aldylar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1718708096165023951 1000 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Balkan welaýatynyň ilatyna täze ýolagçy awtobuslarynyň ýene 200-si gowşuryldy

belgiya forum THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Golland kompaniýalary Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynyň mümkinçiliklerini öwrendiler

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop

Don't Miss