Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Dagystanda bolup geçen ýaragly hüjüm zerarly gynanç bildirdi

25.06.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Dagystan Respublikasynyň Mahaçkala we Derbent şäherlerinde bolup geçen, adam pidalaryna, şikes ýetmelere getiren pajygaly ýaragly hüjüm zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty 24-nji iýunda habar berdi.

“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny aýgytly ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek hem-de ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň gynanç hatynda bellenilýär.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

TASS agentliginiň habar bermegine görä, Dagystan Respublikasynyň Mahaçkala we Derbent şäherlerinde bolup geçen ýaragly hüjüm zerarly 15 sany ýurduň hukuk goraýjy edarasynyň hünärmeni, ruhany bilen birlikde 4 sany adam wepat boldy. Şeýle hem ýaragly hüjüm zerarly 26 sany adam ýaralandy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
4:50 am, Sep 20, 2024
temperature icon 19°C
небольшой дождь
Humidity 48 %
Pressure 1017 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:52 am
Sunset Sunset: 7:07 pm
Öňki taryh

Dialektika we matafizika barada umumy düşünje

Next Story

TDHÇMB-da 24-nji iýunda jemi 62,6 million manatlyk geleşik baglaşyldy

Soňkylar Habar

GitTop