Dark
Light
03.01.2026
skills THE ASHGABAT TIMES

Ýat psihologiýasynyň assosianizmde häsiýetlendirilişi

04.06.2024

Ýady öwrenmäge assosianistik çemeleşiş barada fransuz filosofy Bergson “Materiýa we ýat” diýen işinde gürrüň edýär. Onuň beýan eden “Ruhuň ýady” atly ýadyň täze görnüşi psihologiýada täze uly mesele hökmünde girýär we ylmy barlaglaryň predmetine öwrülýär.

P.Žane adamyň ýadynyň sosial tebigaty baradaky şaklamany öňe sürýär. Ol mnemiki meseleler diňe adamlaryň jemgyyetinde, bir adamdan beýleki adama maglumat geçirmek maksady bilen baglanyşykda ýüze çykyp biler diýip hasap edýär (“ýat-gürrüň”).

F. Barlett öz tejribelerinde sözmaglumatlarynyň gaýtadan dikeldilmeginiň aralaşdyrylan häsiýetini görkezýär. Adamyň şahsy gönükdirmesini şöhlelendirýän içki çyzgylar konsepsiýasy hem oňa degişlidir. Erkli ýadyň ontogenetik ösüş meselesine rus alymlary Blonskiý Wygodskiý, Leonew dagy ulyçaganyň we uly adamyň özara gatnaşygyna çäklenýän we ilki başda material keşbi bolan, mnemiki serişdeleriň interiazasiýasy baradaky çaklamany subut edýärler. Olaryň pikirine görä ontogenezde erkli aralaşdyrylan ýat tutmanyň ösmegi adam medeniýetinde ýadyňösmek ýoly gaýtalanýar.

Zinçenko we Smirnowa erksiz ýatda galdyrmanyň işjeňlige –onuň predmet mazmunyna, ugrukdyrylma, gurluşa, motiwlere we ş.m. baglydygyny subut edýärler.

L. Freýd ýatdan çykarma, ol ýa-da beýleki duýgular bilen baglanyşykly trawmirleýän affekti we oňaýsyz motiwler gysyp çykarmak mehanizmi bilen baglydygyny üstüni açýar. Lewiniň, Birenbaumyň, Leýgarnigiň işleri ol ýa-da beyleki meseläni çözmäge gatnaşýan ýat adamyň aňlaýan meýilleriniň we maksatlarynyň dinamikasy bilen kesgitlenilýändigini görkezýär.

Häzirki döwürde ýady kognitiw psihologiýanyň çäginde derňemek ginden ýaýrandyr. Şu wagt ýat yzlaryny diňe bir anatomo-fiziologik dal-de, eýsem molekulýar derejede we beýniň bioelektrik işjeňligi derejesinde öwrenilýär. Ýat mehanizmiň assosiatiw –reflektor derejesinde düşündirilişi has çuňdyr. Alymlar materiýanyň hereket hormalarynyň himiki we elektrik derejesinde ýadyň syrlaryny öwrendiler.

Psihologiýanyň meselesi –ýady şahsyýetiň ýüze çykmagy hökmünde seretmek.

Soňky wagtlarda ýadyň salmak, ýatda saklamak we yzlary gaýtadan dikeltmek prosesleri bilen baglanyşykly derňewler ýüze çykýarlar. Yzlaryň kem-kemden berkidilmek prosesi (konsolidasiýa), olaryň berkleşmegi üçin gerek bolan wagt we olaryň bozulmagyna getirýän şertleri öwrenýän barlag ulgamlary peýda bolýarlar. Ýat, ýadyňa galdyrmak, uzak wagtlap saklamak, doly we takyk täzeden dikeltmek ýaly işleri geçirmek arkaly ösýär. Netijede adam näçe köp bilýän bolsa, öňki bilýän zatlary bilen assosirläp we baglanyşdyryp täze ýatlary ýatda saklamak aňsat düşýär. Adamyň ýaşy bilen ýat peselýär, ýöne hünär (professional) ýady peselmeýär, gaýtam ýokarlanýar. Bularyň hemmesi ýat psihiki hadysa hökmünde diňe bir tebigy berlen zatlar däldir, ol maksada gönükdirilen terbiýäniň netijesidir diýen netije çykarmaga mümkinçilik berýärler.

Nowruz REJEPOW
Türkmen döwlet
binagärlik – gurluşyk
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

6a9651363c 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Millionlaryň ünsini çeken “YouTube” oýlap tapyjysy kim?

527424 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

SANLARYŇ  GADYMY  ATLARY  WE  OLAR  BILEN BAGLY DÜŞÜNJELER

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop