GDA-nyň ýaş halkaraçylarynyň arasynda geçirilýän A.A.Gromyko adyndaky bäsleşiginiň jemleri jemlendi. Finalistleriň arasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň uçurymy Serdar Rahymowyň, şeýle-de gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy Dürli Ballyýewanyň hem-de agzalan institutyň halkara hukugy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Umyt Annagylyjowanyň hem bolmagy Watanymyzyň halkara abraýynyň artmagyna özboluşly goşant boldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan gatnaşyjylara degişli şahadatnamalar we diplomlar gelip gowuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi wen saýty TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň resmi web saýtyna salgylanyp 16-nji iýulda habar berdi.
2018-nji ýyldan bäri her ýyl GDA-nyň ýaş halkaraçylarynyň arasynda geçirilip gelinýän A.A.Gromyko adyndaky bäsleşik alty ýylyň dowamynda GDA-nyň 10 ýurdundan 1 müň 100-den gowrak ýaş alymlar gatnaşdy. Bäsleşik A.A.Gromyko adyndaky Daşary syýasaty öwreniş birleşigi, Belarussiýanyň Prezidentiniň ýanyndaky Dolandyryş akademiýasy, Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar Akademiýasynyň Ýewropa instituty hem-de Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa döwlet Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan gurnalýar.
Habarda bellenilişine görä, bäsleşige 2024-nji ýylda GDA-nyň ýurtlarynyň onusynyň 327 ýokary okuw mekdeplerinden jemi 2181 sany ýaş hünärmenleriň we halkaraçy talyplaryň ylmy makalalary hödürlenýär. Bäsleşige gatnaşyjylar birnäçe nominasiýalar boýunça, ýagny esasy nominasiýa, debýut nominasiýasy, şeýle-de “Esse” ýazmak boýunça nominasiýalarda “Beýik Watançylyk urşunyň taryhy meseleleri we taryhyň galplaşdyrylmagyna garşy göreş”, “BMG-niň häzirki zaman dünýäsindäki orny”, “Ýewraziýa giňişliginde integrasiýa prosesleri we diplomatiýa”, “Ýewropa Bileleşigi we GDA-nyň daşary syýasaty” ugurlar bilen baglanyşykly özboluşly ylmy işlerini taýýarlap tabşyrdylar.