Dark
Light
26.01.2026
cc98f98c3034659cbce74eb0977caffd24594 700x5002 1 THE ASHGABAT TIMES
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilýän söwdalardan bir pursat, BT

Iýun ahyrky hepde: TDHÇMB-da eksport geleşikleri $15,5 milliondan geçdi

01.07.2024

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede, has takygy, 24-30-njy iýun aralygynda daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 15 million 598 müň 400 ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyna salgylanyp «Biznes Türkmenistan» saýty 1-nji iýulda habar berdi.

Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden, Owganystandan, Özbegistandan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Azerbaýjandan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen nebit bitumyny, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şeýle-de «Türkmenpagta» döwlet konserninde öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy.

Türkmenistanyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 77 million 81 müň 500 manatlykdan gowrak bolan «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen nebit bitumyny, polipropileni, gurluşyk hem-de dokma önümlerini we türkmen el halylaryny satyn aldylar.

Geçen hepdede, has anygy, 24-30-njy iýun aralygynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.

ypmg jemleyji THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýaponiýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri jemleýji bölüm

d5627acc1763aa21423b5f8d215c832625741 700x5002 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýäniň, Özbegistanyň döwlet Baştutanlary bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop

Don't Miss