Dark
Light
25.01.2026
snimok THE ASHGABAT TIMES

Mary welaýatynyň gallaçylary 345 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny aldylar

12.07.2024

Mary welaýatynyň gallaçylary Watan harmanyna 345 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalarynyň gije-gündiz işledilmegi netijeli galla oragynyň ýokary depginde alnyp barylmagyna ýardam berdi. Bu zähmet ýeňşi döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmek babatda edýän yzygiderli aladalarynyň, ekerançylaryň mynasyp zähmet çekmekleri üçin döredilýän şertleriň aýdyň netijesidir. Bu barada HHM 11-nji iýulda habar berdi.

Mälim bolşy ýaly, daýhanlar döwletimiz tarapyndan tehniki hyzmatlar, mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilýär, öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň döwrebap tehnikalary yzygiderli satyn alynýar. Tabşyrylan önüm üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Bularyň ählisi oba hojalyk işlerinde ýokary netijeleriň gazanylmagyna ýardam berýär.

Mary welaýatynyň gallaçylary hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan köpugurly işlerinde täze üstünlikleri arzuw edip, mundan beýläk-de tutanýerli zähmet çekjekdiklerine, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrjakdyklaryna ynandyrdylar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

output image 2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Galkynyş» käninde senagat ähmiýetli täze gaz akymy alyndy

12072024 001 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Ilçisi Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop

Don't Miss