Dark
Light
27.12.2025
dsc 0549 THE ASHGABAT TIMES

Talyplyga dalaşgärler üçin degişli kanunda göz öňünde tutulýan ýeňillikler

17.07.2024

«Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýurtda giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, degişli dalaşgärler üçin ýeňillikler göz öňünde tutulýar. Bular barada «Türkmenistan» gazetiniň 2024-nji ýylyň 17-nji iýulky sanynda çap edilen söhbetdeşlikde aýdylýar.

Bellenilişi ýaly, 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda kabul edilen rejelenen görnüşli «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda:

  • ýetim çagalaryň we ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň;
  • maýyplygy bolan çagalaryň, Hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparyň netijenamasyna laýyklykda, degişli bilim edaralarynda okamagyna rugsat edilen I we II topar maýyplygy bolanlaryň;
  • harby we hukuk goraýjy edaralaryň gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagty wepat bolan harby gullukçylarynyň (işgärleriniň) çagalarynyň;
  • köp çagaly (sekiz çagadan az bolmadyk) maşgalalardan bolanlaryň giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, döwlet hünär bilimi edaralaryna bäsleşiksiz kabul edilýändigi kesgitlenilýär.

Şeýle-de bu Kanunda:

  • okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileriniň‚ halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalarynyň;
  • taýýarlygyň bedenterbiýä we sporta degişli ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna okuwa girýän Türkmenistanyň çempionlarynyň, halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijileriniň;
  • taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna okuwa girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň;
  • III topar maýyplygy bolanlaryň;
  • çagyryş boýunça harby gullugy geçenleriň;
  • saýlan taýýarlygynyň ugry (hünäri) boýunça iki ýyldan az däl iş döwri bolan dalaşgärleriň giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, döwlet hünär bilimi edaralaryna kabul edilende artykmaç hukuklardan peýdalanýandyklary beýan edilýär.
150724 008 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistandan meýletinçi Çernogoriýada geçen sebitleýin mejlise gatnaşdy

62a30ab043991188 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hytaý diliniň täsin dünýäsinden

Soňkylar Ylym-Bilim

Mugallymçylyk – asylly kär

22.12.2025
Mugallymçylyk — dünýädäki iň asylly hünärleriň biri. Biziň mekdebimizde okap, hünär edinen ýaşlar orta mekdeplerde başlangyç synp mugallymy ýa-da mekdebe çenli çagalar edaralarynda bilim

Fizika dersi boýunça halkara olimpiada geçirildi

15.12.2025
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda fizika dersi boýunça sanly ulgam arkaly V halkara olimpiada geçirildi. Olimpiada Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bilen

Rus dilini öwrenmegiň ähmiýeti

07.12.2025
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şonuň bilen birlikde, ylym-bilimde düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda dünýä dilleriniň arasynda esasy orun tutýan daşary
GitTop

Don't Miss