Dark
Light
04.02.2026
THE ASHGABAT TIMES

Türkmen-koreý gatnaşyklarynyň pugtalanmagy

17.07.2024

Koreýa Respublikasynyň Halkara hyzmatdaşlyk Agentligi (KOICA) tarapyndan 2024-nji ýylyň 14 — 27-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň wekilleriniň Koreýa Respublikasynda geçirilýän “Aziýanyň adam hukuklary boýunça ýerli dolandyryş edaralarynyň bilimini ýokarlandyrmak” atly okuw maksatnamasyna gatnaşmak üçin iş sapary amala aşyrylýar. Wekiliýetiň düzüminde Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri bar. Olar:

  • Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň Döwleti öwreniş bölüminiň uly ylmy işgäri Allaberdi Orazmuhammedow;
  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bölüminiň birinji sekretary Göwher Berdiýewa;
  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň öwreniji mugallymy Gülsenem Hommadowa.
gpimgauoirzhteduojzmjfwuu0w THE ASHGABAT TIMES
THE ASHGABAT TIMES

Bilşimiz ýaly, iki ýurduň ýolbaşçylary tarapyndan alnyp barylýan daşary syýasatyň netijesinde, Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň gatnaşyklary birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanmak bilen, özara ynanyşmagyň ýokary derejesi bilen häsiýetlendirilýär.
Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ykrar edilýär we Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunlary arkaly kepillendirilýär. Adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, höweslendirmek, goramak we berjaý etmek meseleleri Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.
Ýurtda adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmek Türkmenistanda adamlar üçin has amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek maksatlarynda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň esasy görkezijisi bolup durýar.

Oguljahan JOBBOROWA

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

kq74fire28fe6celxh3bwvmzelwfrm 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Türkmenistanda öndürilen» atly türkmen harytlarynyň milli sergisi Daşkentde

screenshot 2024 07 15 102630 1721045727 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

GDA-NYŇ ÝAŞ HALKARAÇYLARYNYŇ ARASYNDA GEÇIRILÝÄN A.A.GROMYKO ADYNDAKY BÄSLEŞIGINIŇ JEMLERI YGLAN EDILDI

Soňkylar Makalalar

Iňlis dilinde sözleýşi ösdürmegiň ýollary

03.02.2026
«Iňlis dilini nädip öwrenip bolarka? Hiç başyna baryp bilemok» ýa-da «Iňlis dilini öwrenmegiň ýeňiljek usuly ýokmuka? Haýsy kitaby okasam, nähili tertipde taýýarlyk görsem, iňlis

Aladamyz körpe nesil

02.02.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Sosial ulgamlarda trend: pingwin nirä barýar?

01.02.2026
Sosial ulgamlarda Antarktidanyň buzluklarynyň arasynda ýeke özi barýan pingwiniň şekillendirilen pursatlary giňden ýaýrady. Bu wideo meşhur nemes režissýory Werner Hersogyň surata düşüren «Dünýäniň gyrasyndaky

Çagalar baglarynda nesil terbiýesi

31.01.2026
Nesil terbiýesi asyrlarboýy halkymyzyň durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bir bölegi bolupdyr. Şoňa görä-de, häzirki wagtda bu ugra aýratyn üns berilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem
GitTop