150724 008 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistandan meýletinçi Çernogoriýada geçen sebitleýin mejlise gatnaşdy

17.07.2024

Çernogoriýada BMGÖM-iň Aral deňzi bilen bagly taslamasynyň çäginde ýaşlar syýasaty babatynda hyzmatdaşlyk boýunça sebitleýin mejlis bolup geçdi. Bu çärä Türkmenistandan meýletinçi Kasym Jumaýew gatnaşdy. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti 15-nji iýulda habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, mejlis «Nesilleriň baglanyşygy: ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini artdyrmak we geljege gatnaşdyrmak» şygary astynda geçdi. Ol Ýewropadan we Merkezi Aziýadan ýaş ýolbaşçylary bir ýere jemledi.

Mejlise gatnaşanlar üç günüň dowamynda bilimlerini paýlaşdylar we dünýädäki ýaşlar guramalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen bagly işleri maslahatlaşdylar. Maksatnama jebis gatnaşyklary we özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin zerur bilim, gurallar, ulgamlar bilen üpjün etmek arkaly ýaşlaryň mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilendir.

loader-image
Ashgabat
1:50 pm, Feb 22, 2025
temperature icon 2°C
пасмурно
Humidity 100 %
Pressure 1023 mb
Wind 18 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:48 am
Sunset Sunset: 6:52 pm
lhobljejuraeevcffo8nvt5r4dmmf6 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Daşkentde bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň XVIII mejlisi geçirildi

dsc 0549 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Talyplyga dalaşgärler üçin degişli kanunda göz öňünde tutulýan ýeňillikler

Soňkylar Dünýä habarlary

Russiýa esasy kofe üpjün edijisini üýtgetdi

17.02.2025
Şu ýylyň ýanwarynda Braziliýa Russiýa kofe üpjünçiligini ep-esli artdyrdy, Wýetnamdan üpjünçiligiň azalmasyny öwezini dolup. Milli statistika hyzmatlarynyň maglumatlaryna görä, Braziliýa esasy üpjün ediji bolýar.
GitTop

Don't Miss