Ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi

09.07.2024

8-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Bu ýerde ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň hasabatlary diňlendi.

Olar welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýygnalan hasyly galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara, ammarlara daşamak, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek we ýerleri indiki ekiş möwsümine taýýarlamak, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý tohumlaryny taýýar etmek boýunça işler dowam edýär. Döwlete tabşyrylan bugdaý üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak we ilata ýetirmek, bu ekinleriň güýzki ekişine taýýarlyk görmek işleri utgaşykly alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabatlar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary netijesinde, ýurdumyzyň gallaçy daýhanlary tarapyndan Watan harmanyna 1 million 200 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy. Ýurdumyzda häzirki wagtda galla oragy dowam edip, ýygnalan hasyly galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara, elewatorlara daşamak hem-de olary talabalaýyk ýerleşdirmek, önüm öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek, indiki ekiş möwsüminde ulanyljak bugdaý tohumyny taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda pagtaçy daýhanlar tarapyndan hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär.

Welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, bu önümler bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek, önümleri sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek, şu ýylyň güýz paslynda bu ekinleriň ekiljek ýerlerini ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri, Mary welaýatynda bolsa güýzlük gant şugundyryny ekmek, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ussat gallaçylarymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylynyň soňky dänesine çenli ýygnalyp alynmagyny, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, oba hojalyk işgärleriniň yhlasly zähmeti bilen ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilýändigini, bu ugurda gallaçy daýhanlarymyzyň alyp barýan işleriniň aýratyn bellenilmäge mynasypdygyny aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz häzirki wagtda jogapkärli möwsüm bolan galla oragynyň tamamlanyp barýandygyna ünsi çekip, edermen gallaçylaryň bugdaýyň her bir dänesini yrýa etmän ýygnap aljakdyklaryna berk ynam bildirdi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
4:41 am, Sep 19, 2024
temperature icon 15°C
небольшая облачность
Humidity 58 %
Pressure 1018 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 20%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:51 am
Sunset Sunset: 7:08 pm
Öňki taryh

WENGRIÝADA TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI WE MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ HEÝKELINIŇ AÇYLYŞY BOLAR

Next Story

Türkmen gazynyň Türkiýäniň üsti bilen iberilmegi Ýewropanyň energiýa howpsuzlygyna goşant goşar

Soňkylar Täzelikler

Italýan owazy ýaňlandy

13.09.2024
2024-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda italýan opera kompozitory, organist we hormeýster Jakomo Puççininiň 100 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi.

Türkmenistanda «E-mekdep» ulgamy girizildi

03.09.2024
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan orta mekdepleriň sanly dolandyryş ulgamy bolan «E-mekdep» ulgamy işläp başlady. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web-saýty

Aşgabatda «Dokmaçylar» medeni merkezi açyldy

25.06.2024
2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Aşgabatda Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Paýtagtyň Seýdi köçesiniň ugrunda ýerleşýän medeni merkeziň gurluşygynyň taslamasy
GitTop