Hazaryň şuglasy

20.08.2024

Ýurdumyzda Garaşsyzlygyň hem Bitaraplygyň buýsançly duýgulary her ýylyň güýzünde has-da dabaraly taýýarlyklar bilen başlanýar. Syýasy hem- de dünýä ähmiýetli wakalaryň köp bolmagy Garaşsyz watanda zähmet çekýän raýatlar üçin has- da buýsandyryjydyr bilen bezelip, ýurdumyzyň buýsançlardan doly günini bu ajaýyp mekany gül ýakasy hökmünde ýene bir gezek ykrar eder. Adamzadyň diňe parahatçylyga, agzybirlige, gadyr-gymmatlylyga, salyhatlylyga gönügen ruhy baýlyklaryndan uly hazyna döräpdir. Ähli ýurtlara Hazarýaka ýurtlaryan öz gyzgyn gujagyny ýaýan Hazar deňzi bolsa, Hazarýaka döwletleriniň arasynda iň bir meşhur häsiýete eýe bolan tebigy baýlygymyzdyr.Ýurdumyzda ýaňy- ýakynda  «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Hazar deňziniň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri hem-de maslahaty bolsa, Garaşsyzlyk toýumyzyň öň ýanynda türkmen halky üçin hem-de dünýä halklary üçin edilýän işleriň netijeliligini görkezýän baýramçylyk Hazarýaka döwletler tarapyndan her ýyl bellenilme adatyna eýe boldy. Her ýyl bellenilýän adat bolsa,Hazarýaka döwletleriniň durmuşynda uly orna eýe bolan meseleleriň çözgüdini tapmaga mümkinçilik döreder. “Hasyl” myhmanhanasynda geçirilen «Hazar deňzi — dostluk we ylalaşyk deňzi» atly ylmy- amaly maslahat Hazarýaka döwletleriniň durmuşynda uly ähmiýete eýedir. Türkmen topragynyň her daban ýeri barada taryhy maglumatlar saklanyp galypdyr. Türkmenistanyň çäklerinde arheologlar tarapyndan geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, şol döwürleriň maddy gymmatlyklaryna we sungatyna degişli maglumatlar bize aýan boldy. Olaryň köpüsi adamzat ýaşaýşynyň we medeniýetiniň ösüş taryhyny öwrenmekde dünýäde meşhurlyk gazandy. Bu ýerlerde tapylan sungat eserleriniň köpüsi dünýä medeniýetiniň taryhynda özüne mynasyp orun tapdy. Ýurdumyzyň buýsançly gününde türkmee raýatlarynyň buýsanjy has- da artýar. Görülýän taýýarlyklar halk bähbitli işlerde netije beren döredijilik, ykdysady ugurlar , dostana gatnaşyklaryň hem- de täsirili tebigaty hakda köp belläp geçýär. Onuň jadyly derman ösümlikleri hem türkmen ykbalyny täze bir eýýäme alyp barýan ,gelejegi güneşli döwlet boljakdygyny ata- babalarymyz asyrlaryň dowamynda aýdyp geçipdirler.

Türk­men hal­ky daş­ky gur­şa­wa, te­bi­ga­ta aýaw­ly çe­me­le­şip, ony gö­zü­niň gö­re­ji dek go­rap gel­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len hal­ky­my­zyň bu ýö­rel­ge­si­ni Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň Täze eýýäminiň Galkynyşy döw­rün­de ýurdumyzy ös­dür­mek, ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek bo­ýun­ça uly iş­lerde hem nusgalyk hökmünde öňe tutulýar.

Gö­zel te­bi­ga­ty­my­zyň baý­lyk­la­ry­ny türk­men hal­ky­nyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­nyň gel­jek­de has-da gül­läp ös­me­gi üçin ýer­lik­li peý­da­lan­mak, sa­ha­wat­ly top­ra­gy­my­zyň be­re­ke­di­ni has- da art­dyr­mak, ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan esa­sy iş­le­riň bi­ri­dir. Ýurt baştutanymyz hem Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly kitaplaryndan ugur alyp, türkmen topragynyň baýlyklaryny aýap saklamak hem- de olary gözümiziň göreji ýaly saklamak ugurlary boýunça nijeme işler alyp barylýandygyna şaýatlyk edýär.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry bi­len dö­re­dil­ýän to­kaý­lyk­lar, ba­gy-bos­san­lyk­lar oňaý­ly mik­rok­li­ma­ty emele getirýär, daş­ky gur­şa­wy aras­sa sak­la­maga mümkinçilik döredýär.

Türkmen diýary ösüşlerden ösüşlere tarap ýokary göterilýär. Her bir pudakda bolşy ýaly türkmen diýarynyň ähli pudakalry hem bu günki gün ösýär, özgerýär. Sanly ykdysadyýetiň netijesinde öz gymmatyny artdyrýar. Sanly ykdysadyýet adalgasy häzirki wagtda syýasatçylar, ykdysatçylar we bilermenler tarapyndan giňden ara alnyp maslahatlaşylýar. Häzirki zaman ösüş ugurlary boýunça her bir pudagyň öz ösüşlerine eýe bolmagy bolsa, gülläp ösüýän diýarymyzda ösüşleriň has- da köpelýändigini alamatlandyrýar. Ähli ugurlarda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy halkyň häzirki zaman tehnologiýalaryndan netijeli ulanyp, zähmet öndürijiligini artdyrmaga-da ýardam berýär.Häzirki zaman tehnologiýalary bieln tehnologiýalaşdyrylan üstünlikli işler bolsa, ýer ýüzünde ösüşleriň saglamyny görkezýän görkezijileridr.  Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi, sanly amatlyklaryň elýeterliliginiň ýokarlandyrylmagy, sanly serişdeleriň ykdysadyýete giňden ornaşdyrylmagy we peýdalanylmagy ýurdumyzyň dünýäniň sanly giňişligine işjeň goşulyşmagyny, onuň halkara bazarda bäsdeşlige ukyplylygynyň düýpli ýokarlandyrylmagyny we milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň täze innowasion tapgyryna geçilmegini üpjün edýär. Bu ugruň ösmegi üçin döwlet-jemgyýet-ylym-işewürlik gatnaşyklarynda düýpli özgerişleriň amala aşyrylmagy hem zerur şertleriň biridir.Çöl­lük ýer­ler­de sa­zak, dag­lyk ýer­ler­de ar­ça, der­ýa inkär edip bilmejek syrlaryň üsti açyldy.Türk­men hal­kyn­da örän ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri gö­zel­lik çaý­ýan türk­men te­bi­ga­ty Ze­mi­niň hem on­da­ky ýa­şaý­şyň ni­çik­si owa­dan­dy­gy­ny, nu­ra­na­dy­gy­ny dün­ýä ýaý­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pa­ra­sat­ly baştutan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­ga, türk­men top­ra­gy­nyň te­bi­gy baý­lyk­la­ry­ny ne­ti­je­li ula­nyp, eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len  wezipämize girýändir. Biz bolsa, şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, ene ýeriň baýlyklaryny aýawly saklap, öz ýaşaýan tebigatymyzy öňküsinden has ýaşyllaşdyrmak üçin elimizden gelenini aýamaly däldir.Şeýle ýagdaýlar hem diňe medeniýetiň, onda- da dil medeniýetiniň üsti bilen amala aşyrylýar diýsek, ýalňyş bolmaz. Bu mesele bilen bolsa, esasan ylym meşgullanýar. Ine,şol ylym hem dil ylymy, dil ylymyny esaslandyrýan hem gelip çykyş, arhiologiýa, nazarýet şahalary diňe günbatar alymlarynyň hem subutnamalarynda görýäris. Biz näme hakda hem bu günki günde ýurdumyzda edilýän işleriň, ösüşleriň netijeliligi bilen kesgitlenmesidir. Şeýle mümkinçilikleriň döredilmegi bolsa, türkmen medeniýetiniň üstünliklerine guwanmak üçin halkymyzyň bu günki ýurdumyzyň ösüşlere wagyz işleriniň möhümdigi düşnüklidir. Ýol düzgünleriniň hereketleri üçin piýada geçelgelerden geçmedik ýagdaýynda jerime tölegleriniň düzgünleri bilen birlikde, tertip- düzgüni saklamak we ony başarnykly berjaý etmek çäreleri hem üznüksiz amala aşyrylmagy bu diňe halk bähbitli edilýän işlerden nyşandyr. Ýollarda howpsuzlyk çärelerini berjaý etmek boýunça edaralarda, ýurduň bilim edaralarynda tomus dynç alyş möwsüminden soňra güýzüň ilkinji günlerine düşýändigi tötänden däldir. Hut şu döwürde ýol howpsuzlygy çärelerini işjeňleşdirmegi tomus dynç alyş möwsüminden soň pyýadalaryň ünsüni üpjün etmekde alnyp barylýan işleriň biri bolan bu ajaýyp däp bu günki gün has-da ýaýbaňlanýar.Jemgyýetimiziň baş baýlygy bolan adam hakyndaky aladany ähli atly biraýlyk her ýylyň sentýabr aýynda üstünlikli gadamlar bilen ýurdumyzda raýatlaryň howpsyzlygyny gazanmak ugrunda edilýän işleriň netijesidir. Döwletimiziň bagtyýar raýatlarynyň her biriniň ömrüniň rahatlygyny, howpsyzlygyny gazanmakda edilýän işleriň sanardan köplügini üpjün etmek düzgünleri diýseň ýokary derejeli geçirilmegi her bir ugurda üstünliklere beslenýär. Hut şol sebäpden hem, biraýlygyň çägindäki çäreleriň diýseň baý mazmuna eýe bolmak bilen, jemgyýetimizde giň seslenme tapýandygy buýsandyrýar. Bu babatynda ýörite düzülen meýilnamalar esasynda geçirilýän wagyz- nesihat duşuşyklarynda hem aýdyň beýanyny tapýandygy düşnüklidir. Bu aladalar elbetde raýatlar üçindir.

Täze awtomobil ýollary gurlup, olaryň durkunyň täzelenmegi, ýol şertleriniň dünýä derejesinde kämilleşmegi, awtoulag serişdeleriniň sanynyň ýylsaýyn köpelmegi bilen ýollardaky hereketiň tükeniksiz hem-de yzyüzülmesine şaýat bolmak meseleleri bolsabu günki gün hereketiň guralyşyna we howpsuzlygyny üpjün etmäge bolan talaplary ýokarlandyrýar.Türkmenistanyň bitaraplyk syýasaty, geografik taýdan amatly ýerleşmegi şertlenendir. Ýol-ulag hadysalarynyň, düzgün bozulmalaryň, dykynlaryň döremegine, awtoulaglaryň ulanyş görkezijileriniň peselmegine we beýleki ýaramaz ýagdaýlara getirýändigi mälimdir.

Russiýanyň, Italiýanyň, Polşanyň alymlary bilen bilelikde, türkmen alymlary Türkmenistanyň çägindäki belli taryhy ýadygärliklerinde gazuw-agtaryş işlerini geçirýärler, täze bütindünýä taryhyna uly goşant goşdy. Dünýäniň taryhyna ýaň salan bedew atlarynyň täsin hereketleri bu günki gün iň bir gözel şekilde ahal- teke bedewlerinde saklanýar we atlar biziň iň eziz jandarlarymyz hökmünde ýurdumyzda gaýry tutulýar. Onuň gymmaty başgaçadyr.Hazar deňzi bilen bagly Türkmenistan bu wajyp ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň işjeň gatnaşyjysy bolup, Nebit gaz ulgamynda bilen baglanşykly işleri amala aşyrmakda edilýän işleriň has ýokarlandyrmagy has uly üstünliklere ýetmäge mümkinçilik döredýär. Döwlet Baştutanymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitinde eden çykyşynda Hazar deňzi sebitinde berk, uzak möhletli we bölünmez howpsuzlygy üpjün etmekde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtamagy diňe bir biziň halkymyz üçin däl, eýsem dünýä halkalarynyň, esasan hem Hazarýakasynda ýaşaýan halklaryň durmuşyndaky özgertmeler üçin ägirt uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz Hazar deňzini “Mümkinçilikler deňzi” diýip atlandyrmagy bolsa, “Biz bilelikde Hazar sebitiniň parahatçylyk we ösüş üçin howplardan azat bolan durnuklylyk hem-de ynanyşmak zolagy bolmagynda galmagy üçin ähli tagallalary etmelidiris diýen sözleriniň nijeme ýurt, nijeme halk üçin gelejegiň şygary bolmagy Milli Lidermiziň oňyn başlangyçlary esasynda taryhy bilen şu güne birlikde gelen Hazarýaka halkalrynyň döwlet ähmiýetli işlerinde uly ähmiýete eýedir. Türkmenistan umumyhazar gepleşiklerine işjeň gatnaşmak bilen, bu işe mundan beýläk-de öz goşandyny goşmaga, ähli meselelere gyzyklanma bildirip,mümkinçilikleriň giňemegi bolsa, ähliumymy adamzat üçin edilýän işlerde Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasynyň bardygyna şaýatlyk edýär. Hazar güniniň bellenip geçilmegi bolsa, bu babatynda edilýän işleriň naýbaşysydyr. Sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, suwuklandyrylan gaz ýüklenen demir ýol wagonlarynyň dünýä ýaýramagy ýurdumyzyň ykdysady ugurlarynyň gün geldikçe ösmegi bilen bilrikde biziň türkmen topragymyzyň umumy taryhy çeşmelerde bellenip geçilýär. Munuň özi bereketli topragymyzda ýaşaýn gün geldikçe öz ösüşlerinde ýokary hilli netije gazanýan halkymyzyň şatlygyna şatlyk goşýar. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylbirnäçe işleriň nebit we gaz pudaklarynda amala aşyrylmagy biziň buýsanjymyzy öňküsinden hem artdyrdy. Diýarymyzyň nebit we gaz käni çykýan ýerlerinden alnan önümiň bahasy has-da artyp , beýik ykdysady ädimleri ätleýär. Häzirki döwürde sanly ykdysadyýetiň bu ösüşlerdäki orny bahasyna ýetip bolmajak mümkiçilikleri  giňeltmegi bizi bu ulgamyň hünärmeni hökmünde buýsandyrýar. Nebit we gaz ulgamy- da bu ugurda kesgitlenen işleriň ählisinde üstünliklere eýe boldy. Biziň halkymyz gadymy döwürlerden bäri bir- birege goňşuçylyk gatnaşyklarynda kömek etmek, ýardam bermek hem-de bir-birek bilen ynsanperwer gatnaşyklaryny ýola goýmak esasynda ýaşaýar.Ýurdumyzyň Hazar deňziniň kenarynda ýerleşmegi dünýä ykdysadyýetine aralaşmagyň üstünlikli çözgütlerine barýan ýollardaň biridir. Genji- hazynalaryň saklanylýan gaznasyndan geçirdi. araşszylyk toýmuzda  öz gözelligi bilen haýran galdyrýan diýarymyzyň ösüşlerinde nebit- gaz ulgamynyň hem aýratyn ornunyň bardygyny bellemek gerek, ol ulgamdaky hünärmenler dünýäniň halkara nebit we gaz kompaniýalarynyň hünärmenleri bilen bäsleşýärler.Ýurdumyzyň ýüregi bolan gözel paýtagtymyzda her ýyl geçirilýän baýramçylyk dabarasyna gatnaşýan nebit we gaz ulgamynyň işgärleri hem beýleki ulgamlaryňkydan beýlede oturanoklar, işjanly, erjel.Garaşsyzlyk dabarasy bolsa, bizi raýat hökmünde buýsandyrýar.Aşgabat özüniň çäklerini giňeldýär hem-de barha owadan, ýaşamak, zähmet çekmek we dynç almak üçin oňaýly, has arassa we bagy-bossan şähere öwrülýär.

Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň göreldeli mekdebinden ruhlanyp, ýol ýörelge baýdak edinen Arkadagly Serdarymyz hem- de ýurdumyzyň ýaşlary hem bu günlerki günde ýurdumyzyň gelejegini ýokary götermek üçin Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň daşyna jem bolup, zähmet çekýärler. «Hazar deňzi — dostluk we ylalaşyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahat Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky ykdysady çözgüdi hem oňyn ýola goýmakda uly mümkinçiliklere eýedigini subut etdi.Forumyň dowamynda kenarýaka ýurtlaryň durnukly ösüşi üpjün etmekde esasy şertleriň jemlenmesine esaslanýan hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu şertler ykdysady, durmuş we ekologik meseleleriň bitewi toplumynyň çözgüdini özünde jemleýär. Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitiniň jemlerine ýokary baha berilmegi ,deňizde hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine degişli bäştaraplaýyn pudaklaýyn resminamalaryň birnäçe taslamalary bar, türkmen tarapynyň tagallalary netijesinde, köp babatda olary ylalaşmak boýunça öňegidişlik gazanylmagy häzirki zaman ösen ykdysady özgerişlerde ilkinji mysallaryň biri boldy. Gahryman Arkadagymyzyň hem- de Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen edilýän işler, bu ugurda döredilýän mümkinçilikler gelejegiň has- da ýokary derejede ösjek ykdysady mümkinçiliklerinden habar berýär. Hazar deňziniň durnukly ösüşiniň biziň ýurdumyzdaky ekologik ulgamlara hem-de  daşky gurşawa täsiriniň durnuklylygyny Hazarýaka döwletleriň ählisiniň bilelikdäki maksatlary hem-de  tagallalary netijesinde ýetmegiň mümkindigi subutnama boldy. Hazar deňzi bilen baglanyşykly ähli ugurlary öz gerimine alýan hukuk resminamalaryny bilelikde çözmäge, ylalaşmaga, kabul etmäge taýýardyklaryny görkezdiler. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň maslahatynyň öň ýanynda bu duşuşygyň geçirilmeginiň wajypdygy bellenildi. Hazar ägirt uly ykdysady, energetika we ulag kuwwatyna eýe bolan möhüm strategik sebitdir.  Hazar deňziniň gününiň jemgyýetçilige dünýäde ähli özara baglanyşyklydygyny ýene bir gezek subut etdi.

Sähragül DURDYÝEWA
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
Informatika institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
5:14 am, Sep 19, 2024
temperature icon 19°C
ясно
Humidity 33 %
Pressure 1018 mb
Wind 0 mph
Wind Gust Wind Gust: 1 mph
Clouds Clouds: 0%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:51 am
Sunset Sunset: 7:08 pm
Öňki taryh

Halk maslahatyna taýýarlyk

Next Story

Sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin kurslara ýazylmak e.gov.tm portaly arkaly onlaýn elýeterli

Soňkylar Makalalar

Hasanak Abu Aly Hasan ibn Muhammet Apbas

19.09.2024
Hasanak Abu Aly Hasan ibn Muhammet Apbas Nyşapuryň abraýly maşgalasyndan bolupdyr. Çagaly gyndan soltan Mesgudyň hyzmatynda bolup, mylaýymlygy we özüni saklamagy öwrenipdir. Ol özüniň

Hüdük Myradow       

19.09.2024
Hüdük Myradow 1921-nji ýylda Görogly etrabynyň Bedirkent obasynda daýhan maşgalasynda dogulýar.1939-njy ýylda 7-nji synpy tamamlap Hüdük Myradow, traktor brigadada işe başlap 1941-nji ýyla çenli

Ak şäherimiz Aşgabat

18.09.2024
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33  ýyllygy mynasybetli Şäheriň taryhynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde Aziýanyň hem- de dünýäniň gözünde ak mermere beslenen “Aşyklaryň şäheri” adyny aldy.Munuň özi bolsa,

Halk Maslahaty – agzybirligiň berk binýady

18.09.2024
Şu gün­ler ýur­du­my­zyň sy­ýa­sy ­jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şyn­da­ky möhüm wa­ka —­Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne uly taýýar­lyk gö­rül­ýär. Türkme­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň äh­mi­ýe­ti barada ge­çi­ril­ýän wa­gyz­-ne­si­hat çä­re­lerin­de we
GitTop