Dark
Light
26.01.2026
50b37aee34106a7ce7422d7488f07d61 THE ASHGABAT TIMES

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ Hytaýdan konteýner daşaýar

05.08.2024

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» (TULM) Hytaý Halk Respublikasyndan Türkmenistana we yzyna konteýner daşamagy yzygiderli guraýar. Konteýner otlylaryny guramak boýunça Türkmenistanyň milli operatory bolmak bilen, bu kompaniýa Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň konteýner terminalynyň hem operatorydyr. Bu barada TULM-yň resmi websaýty 3-nji awgustda habar berdi.

Ýükleri daşamak üçin girdejili çözgütleriň zerurlygy baradaky ýük daşaýjylaryň we iberijileriň beren pikirlerini göz öňünde tutup, “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” AGPJ Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan we Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan ugurlarynda konteýner otlylarynyň tertibini başarnykly we örän amatly bahada düzdi. “Türkmenistanyň Ulag-logistika Merkezi” AGPJ Hytaýdan import edilýän harytlary Türkmenistana daşamak üçin edýän hyzmatlarynyň, iberijiler bilen alyjylaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar üçin möhüm tarap bolan konteýner satyn alynmagyny talap etmeýändigini bellemelidiris şeýle hem hyzmatlaryň ýokary hilini we ygtybarlylygyny üpjün edýär.

Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” AGPJ ähli gyzyklanýan taraplara Hytaý Halk Respublikasyndan Türkmenistana logistika hyzmatlaryny bermekde ýakyn hyzmatdaşlygy hödürleýär.

Sargytlar üçin www.tulm.tm we info@tulm.tm elektron poçta arkaly ýüz tutup bilersiňiz.

slajd2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

“Umumylaşdyrylan eposlar: Dünýä klassiklerine gysgaça syn”: “Anna Karenina”

59bee0ff6c5bc8a2aaab3019144e9c3d THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Tokaýew Serdar Berdimuhamedowy Gazagystana sapar bilen çagyrdy

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop

Don't Miss