Dark
Light
25.01.2026
hzdwudjelmrjonhjac2w0870rr8jmnodsti9ilnh3uzysupyhubg2mypjro4 THE ASHGABAT TIMES

ATA SALYH (1908-1964)

22.09.2024

Türkmenistanyň halk şahyry Ata Salyh 1908-nji ýylda Mary oblastynyň Murgap raýonynyň Şordepe obasynda garyp daýhan maşgalasynda eneden bolýar. Üç ýaşyny doldurmanka gözagyry keselinden göreçleri şikes tapýar we ol göreçlerinden mahrum bolýar.

Ata Salyh ýaşlykda düşbi, zehinli, bilesigeliji bolup gürrüňçi hem dessançy ýaşulularyň, ertekiçi mamalaryň gürrüňlerini diňläpdir. Halk arasynda giňden ýaýran “Görogly” eposy, Keýmir kör, Aldar Köse, Esen Polat, Myraly, Japbaklar hakyndaky ýiti şorta sözler, legendalar hem rowaýatlar şahyryň aň-düşünjesiniň ösmegine dünýägaraýşynyň terbiýelenmegine täsir edipdir.

Ata Salyh 11-12 ýaşlarynda goşgy düzüp başlaýar. Döredijilik işinde Ata Salyhyň hakyky mugallymlary Körmolla hem Mollamurt bolupdyr.

Şahyryň ilkinji goşgusy 1931-nji ýylda Maryda çykýan “Täze oba” gazetinde çap edilýär. Şahyr “Tokmak” žurnalynda hem-de “Sowet Türkmenistany” gazetiniň ýörite habarçysy bolýar.

Döredijilik işinde gazanýan üstünlikleri üçin A.Salyh 1934-nji ýylda SSSR Ýazyjylar birleşiginiň agzalagyna kabul edilýär. A.Salyh gözsüzligine garaman sowet halklarynyň edebiýatylar bilen yzygiderli tanyşyp durýar.

Şahyryň iň gowy goşgularyny öz içine alýan, 1939-njy ýylda çap edilen ýygyndysy oňa has-da uly abraý getirýär. Hökümet ony “Zähmet Gyzyl Baýdak” ordeni bilen sylaglaýar. Şol ýylda oňa “Türkmenistanyň halk şahyry” diýen hormatly at hem dakylýar.

Şahyr diňe bir ussat şahyr hökmünde däl, eýsem ertekiçi hökmünde meşhur bolupdyr. 1940-njy ýylda çykan “Dynç alyş wagtynda” atly ertekiler hem ýomaklar kitaby muňa mysaldyr. Türkmenistanyň edebiýatynyň ösmegine uly goşant goşan şahyr döredijiliginiň iň kämil wagtynda 1964-nji ýylda biwagt aradan çykýar.

Hökümet “Mähriban halkynyň hakyky hyzmatkäri bolan” Ata Salyhyň döredijilik we jemgyýetçilik işine ýokary baha berdi. Ol iki sany “Zähmet Gyzyl Baýdagy”, “Hormat nyşany”, “Gyzyl ýyldyz” ordenleri hem-de medallary, TSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Hormat hatlary bilen sylaglanyldy. Ata Salyh Türkmenistanyň Sowet edebiýatynda satiranyň we ýumoryň ösmeginde goşant goşdy. Onuň “Elhepus”, “Boljak däl”, “Şagal bilen horaz”, “Kädiniň gülküsi”, ýaly basnýalary muňa mysaldyr.

Gülşirin BEKDURDYÝEWA
Daşoguz welaýatynyň
Beki Seýtäkow adyndaky
mugallymçylyk mekdebiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

slajd1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

FARHAT ORAYEV FT. DZ-ED – Derbi-dagyn

saglyk bar 780x470 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Sagdyn durmuşyň gözbaşy

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop