Türkmen halkynyň Mukaddes Garaşsyzlyk baýramy bu günki şanly seneler bilen 33 – nji gezek bellenilýär, ýurdumyzyň we paýtagtymyzyň ähli ýerlerinde baýramçylyk dabaralary öňküsinden has joşgun bilen raýatlarymyzyň , bagşy – sazandalaymyzyň göwnüni göterýär. Bu günki gün elbetde talyp ýaşlar hem Mukaddes Garaşsyzlygymyz mynasybetli öz goşantlaryny beslemek üçin toý – dabaralara garylyp- gatylýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmagy bolsa, ýurdumyzda iň ýokary derejede geçirilýän baýramçylyklaryň bezegi bolup durýar.
Dünýäniň çar künjüne ady- owazasy dolan türkmen halky gadymdan gelýän däp- dessurlara görä, milli gymmatlyklary öz şöhrady bilen birleşdirip, şan – şöhratly watanymyzyň Mukaddes Garaşszylyk baýramynyň 33 ýyllygyny bellemäge uludan taýýarlyklar görýär. Türkmenistanda iň öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça bina edilýän demir ýol we awtoulag köprüleri ulanylmaga berilýär.Munuň özi ýurdumyzy baýatmagyň, döwletli ýurduň ykdysadyýetine ýene- de goşant goşulmagynyň şaýadylygyna mümkinçilik döredýär.
Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary bilen birlikde ýurdumyzda geçirilýän toý- dabaralara dünýäniň çar künjünden myhmanlar gelýär. Bu bolsa, biziň watanymyzyň halkara abraýynyň dünýäniň ýüzünde artýandygyna mysal bolup durýar. Ýurdumyzyň ösüşleri gün- günden öňe barýar. Häzirki döwürde telekeçilerimiziň Garaşszyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda geçirlýän sergilerde köplenç öz işlerimizi ilata hödürlemek bilen häzirki zaman, ösen tehnologiýalaryň kömegi bilen edilýän işleriň has aňsatlaşmagy, ilata edilýän hyzmatlaryň, ýaşaýşyň ýokary derejelerini saglamagy bu ilkinji nobatda biziň maksadymyzdyr. Şu ýyl “Pähim – paýhas ummany, Magtymguly Pyragy” ýylynda hem dabaralaryň dga aşmagy halkymyzyň taryhyna goşant goşan baýramçylyk dabaralary bilen utgaşyp geldi. Garaşszylyk ýyllary içinde gazanylan üstünlikleriň içinde ýurdumyz pajarlap ösdi. Şol pajarlap ösen zatlaryň içinde hem telekeçilerimiziň eden işleri hem aýratyn öwgä mynsypdyr. Türkmenistan diýarymyzyň gün- günden güllemegi, ösmegi we mundan beýläk- de ösjekdigini aňladýan nyşanlaryň döredilmegi gadymy oguz iliniň abraýyny öňküden hem artdyrdy. Ýurdumyzda Garaşsyzlygymyzy alalymyz bäri ýurdumyzyň ösmegi üçin edilýän işleriň ýokarlanmagy bolsa, halkymyzy buýsandyrýar. Türkmenistan- Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň biri bolup, onuň meýdany boýunça olaryň arasynda ikinji orny eýeleýär, ýagny Türkmenistanyň tutýan meýdany 491,21 müň km2 deňdir. Dostana Döwletler bilen goşuçylyk aragatnaşygyny saklamakda we halkymyzyň eşretli durmuşyny ýokary götermekde ýurdumyzda edilýän işler aňýetmezdir. Türkmenistan demirgazykda Gazagystan Respublikasy, demirgazyk–gündogarda we gündogarda Özbegistan Respublikasy bilen, günorta-gündogarda Owganystan Yslam Respublikasy bilen, günortada Eýran Yslam Respublikasy bilen serhetleşýär. Serhetleşýän ýurtlary bieln dostana aragatnaşyk saklamak we olar bilen ykdysady ugurlary kesgitlemek hem bu ugurda zähmet çekýän raýatlaryň ösüşlerini gazanmaga mümkinçilik döretdi. Türkmen halkynyň taryhy ýerleri asyrlar boýy özüniň gizlin syrlaryny açman gelýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Altyndepäniň syrlaryny halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine beýik maksatlara ýetmekde üstünlikleri işler amala aşyrylýar. Sungat ussatlary, döredijilik toparlary hem goşulýarlar. Artistler welaýatlaryň özboluşly ýüzi bolan köpöwüşginli çykyşlary hödürleýärler. Şeýle-de täze açylýan ýaşaýyş jaýlary halkymyza ýokary derejede şatlyk getirdi. Eziz Watanymyzyň ýüregi bolan paýtagtymyz jemleýär. “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança ýygnanan Aşgabadyň ýaşuly we ýaş nesilleri, ähli şäherlerde we obalarda ýaşaýan ildeşlerimize berk jan saglyk, abadançylyk, bagt we üstünlikler arzuw edýärler. Olary baýramçylyk çykyşlary bilen meşhur artistler hem goldaýarlar. Türkmen topragynda Garaşsyzlygy alalymyz bari nijeme ýyllar geçdi. Türkmenistan hut Garaşsyzlyk ýyllarynda öz taryhy , gadymy toprakdygy bilen ýüze çykdy. Ak paýtagtymyzyň taryhy bilen , türkmen topragynyň taryhy bilen hut Garaşsyzlyk ýyllarynda alymlar gyzyklanmaga başladylar. Nusaý galasy hem hut Garaşsyzlyk ýyllarynda has içgin öwrenilen galalaryň biridir. Türkmenistan diýarymyzyň gün- günden güllemegi, ösmegi we mundan beýläk- de ösjekdigini aňladýan nyşanlaryň döredilmegi gadymy oguz iliniň abraýyny öňküden hem artdyrdy. Ýurdumyzda Garaşsyzlygymyzy alalymyz bäri ýurdumyzyň ösmegi üçin edilýän işleriň ýokarlanmagy bolsa, halkymyzy buýsandyrýar.
Garaşsyzlyk baýramymyz häzirki döwürde öz gözelligini açýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda, ak paýtgatymyzda, oba –şäherlerde geçirilýän işler, dabaraly çäreler munuň eýledigini subut edýär. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň aladalary bilen edilýän işler bu ugurda sanardan kän. Bu günler ýurdumyzyň çar künjünde Garaşsyzlyk baýramyna gyzgalaňly taýýarlyklar görülýär. Diýarymyz şatlyk- şagalaňa beslenip, Garaşsyz eýýämiň nurly gelejegini öňe çykarýar. Telekeçilerimizdir, mugallymlar, talyplardyr, daýhanlarymyz, gurluşykçylardyr, ykdysadyýetçilerimiz, şol bir wagtyň özünde alymlar we dürli hünärdäki adamlar bu günki günki günler bellenilýän Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynda şatlyk- şowhuna beslenýän diýarda bagtyýar ýaşaýyş dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallary bilen halkara derejesinde geçirlen sergilere gatnaşmak bagty bize- de miýesser etdi.
2024-nji ýylda edilen işleriň jemine ser salsaň, ýurdumyzyň ösüşleri, özgerişleri hem- de bu günki täze üstünliklere gadam basylýan ýylda täsin bir duýgy gaplap almasy, halkymyzy buýsandyrdy. Şol duýgyny başdan geçirmek , şol duýgy bilen bagtyýar gelejege bagtyýarlyk.
Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýram mynasybetli geçirlen sergilerde, gurnalan ajaýyp çärelerde, halakara derejsindäki sergilerde çykyş etmek uly bagt. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Hindistan özüniň daşary syýasatynda Merkezi Aziýa sebitiniň Garaşsyz döwletlerine, aýratyn- da Türkmenistan bilen däp bolan gadymy gatnaşyklary dikeltmäge üns berýär. Paýtagtymyz Aşgabadyň gözel gujagynda iň owadan seýilgähleriň biri hem “Ylham” seýilgähidir. Şahyrlaryň ylhamy bilen ylhamlanan, döwrümiziň iň ajaýyp binagärlik keşbini özünde saklaýan, gözellikde taýy ýok “Ylham” seýilgähiniň ýerleşiş meýdançasy örän owadandyr. “Ylham” seýilgähi Magtymguly hem- de Görogly şaýolunyň arasynda ýerleşmek bilen onuň umumy meýdançasy 57000 inedördül meýdançany tutýar.Paýtagtymyzyň ähli ýerlerinde bolsa dabaralar dag aşýar. Her bir seýilgäh, her bir edara – kärhana bu gün iň ýokary derejede baýramçylyk bellemek üçin ýokary buýsanç bilen baýramlara- dabaralara gatnaşýarlar. “Ylham” seýilgähinde ýerleşýän şahsyýetler bolsa, biziň mukaddes Garaşsyzlygymyzy arzuw eden şahsyýetler bilen bezelendir. Bu ýerde birnäçe türkmen ýazyjy- şahyrlarymyz bolsa, ýokary derejede bellenilýän baýramlarda suratkeşleriň heýkel işleri bilen bezelen seýilgähiň şagalaňyny artdyrýarlar we heýkelleriň içinde ilkinji sadranç oýnuny düzen As Suli, halk arasynda Mäne baba diýip tanalýan, Abu Seýit Mähneýi, alym Mahmyt Zamahşary,Al Faraby, Mahmyt Kaşgary, Abu Aly Ibn Sina, Biruni, Sarahsy, Jahanşah, Al –Horezmi, Merweri, Amhmyt Pälwan,Nejmetdin Kubra, Ahmet Kazy ilkinji bölegini düzýär.Ikinji böleginde bolsa: Ahmet Ýasawy, Ýunus Emre, Döwletmämmet Azady, Zelili, Seýitnazar Seýdi, Kemine, Ýusup Balasugunly,Nesimi, Fizuly, Alyşir Nowaýy, Mollanepes, Annagylyç Mätäji, Abdyrahman we Baýram han,Berdi Kerbabaýew,Aman Kekilow,Beki seýtäkow,Ata Gowşudow,Gara Seýitliýew,Nurymyrat Saryhanow,Gurbannazar Ezizow ýaly ýazyjy- şahyrlaryň heýkelleri ýerleşdirlendir.
“Ylham” seýilgähi bu günki gün halkyň edebi we medeni,ylym mirasynyň ägirtlerini halkymyza, nesillere tanatmak üçin Aşgabadyň iň gözel ýerinde gurlandyr. Bu gözel alleýada özboluşly ruhy makamy syzanyňda , ol ýerde goşgy ýazyp, surat çekip oturan adamlara köplenç gabat gelmek mümkinçiligi bardyr.Bu günler seýilgäh Garaşszylyk toýuna taýýarlyklar görýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp ýurdumyzda birnäçe bäsleşikler, halkara derejesindäki abraýly guramalaryň Türkmenistan döwletimiziň ösüşlerine goşant goşmak üçin geçiren konfirensiýalarynadyr, çärelerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmak bagty bize- de şatlyk getirdi.
Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli bu ýerde şygyr okaýyş çäreleridir, konsert çäreleri geçiriler. Bagtyýar döwleti wasp edýän ylhamlar gaýnap- joşar. Biziň ýurdumyzda dostana döwletleriň birnäçe konferensiýalarydyr, maslahatlary geçirilýär. Şol sebäpli-de şeýle konferensiýalarda baýramçylyk çäreleri arkaly çykyş etmek hem-de ýurdumyzyň gelejegini saglamak boýunça birnäçe işleriň alnyp barylmagy bu günki gün ykdysady ösüşlerde hem medeni ösüşlerde hem Türkmenistanyň dünýä abraýynyň artýandygyny alamatlandyrýar.
Mukaddes Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçirýän ajaýyp sergileri hem ýurumyzyň ykdysady ulgamda ösýändigini alamatlandyrýar diýsek, ýalňyş bolmaz.edýän işleri bolsa, Hormatly Arkadagymyzyň telekeçiler üçin edýän aladalaryna jogap hökmünde Mukaddes Garşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy esasynda birnäçe täze işleri halkymyza hödürleýär. Ol işleriň esasylarynyň biri bolsa, sanly ulgam arkaly halkymyza hyzmat etmek hem- de dünýä tor bazaryna çykmak bolup durýar. Ýurdumyzda edara – kärhanalaryň sanlaşmagy, şeýle- de birnäçe täze mobil goşundylarynyň ýüze çykyp, ykdysady ösüşlerde üstünlik gazanmagymyz üçin Hormatly Prezidentimiziň edýän aladalary bimöçberdir.Mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň şanly 33 ýyllyk senesi bilen gutlaýar.Paýtagtymyzyň taryhyna hem Mukaddes Garaşszylygymyzyň senesi altyn harplar bilen ýazyldy. Gahryman Arkadagymyz, Türkmen Halkynyň Milli Lideri hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz bize ýol görkezmek bilen özüniň taryhy eserlerinde müňýyllyklaryň dowamynda syrly topragymyzdan geçen taryhyň sahypalaryndan söz açýar.Bu bolsa, bizi buýsandyrýar. Halkymyz üçin şeýle mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Baýramçylyk dabaralary mundan beýläk-de dag aşsyn !
Didar AGAMYRADOW
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby