60377f605a816796801875 THE ASHGABAT TIMES

Garaşsyzlyk ýyllary içinde

26.09.2024

Türkmen diýarymyzyň ösüşli ýollary diňe bir beýleki ugurlarda däl, eýsem nebit we gaz pudagynda hem görülip- eşidilmedik derejeleri ýetdi. Çünki halkymyzyň häzirkizaman ösen isleglerini kanagatlandyrmak üçin döwletimiziň ösüş ýolunyň ykdysady ugry bu günki gün has zerurdyr.Şol jähtden ugur alyp, ýurdumyzda edilýän işleriň agramynyň nebit we gaz pudagy boýunça ösüşlerinde ilkinji nobatda hünärmenlere baglydygy düşnüklidir. Türkmenistan hakykatdan ehm se­riş­de­le­ri­ne baý döw­let­dir.Dogrusy ýurdumyzda bu ugurdan edilýän işleriň sanasaň sogaby bar. Bi­ler­men­le­riň aýt­mak­la­ry­na gö­rä, ýur­du­my­zyň çä­gi­niň dört­den üç bö­le­gi­niň ne­bit we gaz ba­bat­da­ky gel­je­gi ulu­dyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadgymyzyň hem –de Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ne­bit­gaz pu­da­gy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, onuň kuw­wa­ty­ny we ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak üçin uly ta­gal­la­la­ry ed­ýär.

Ne­bit­gaz top­lu­myn­da yl­myň hem-de hal­ka­ra tej­ri­bä­niň soň­ky ga­za­nan­la­ry­ny pu­da­ga or­naş­dyr­mak, ga­zyň we ne­bi­tiň ga­zy­lyp al­ny­şy­nyň, ola­ry gaý­ta­dan iş­le­me­giň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça anyk we­zi­pe­ler kes­git­len­di.Her ýyl anyk wezipeleriň kesgitlenmegi bolsa, halkymyzyň bu ugurda sarp edýän esasy maýasynyň anyk we dogry bilinmegidir.

Türkmen topragynda Garaşsyzlygy alalymyz bari nijeme ýyllar geçdi. Türkmen topragy taryhy senelere baý, ähli ugurlar boýunça tapylýan tapyndylar dünýä taryhçylaryny hem- de beýleki arheologlary haýran galdyrýar. Türkmenistan hut  Garaşsyzlyk ýyllarynda öz taryhy , gadymy toprakdygy bilen ýüze çykdy. Türkmenistanyň çäginde köp sanly taryhy ýadygärlik bar, ýöne olaryň ählisiniň çagalar üçin has gyzykly bolmazlygy mümkindir. Şeýle-de bolsa, bu ýerlerde hem çagalara, esasanam ýurduň taryhy bilen gyzyklanýan çagalarda gyzyklanma döretjek ýerler köpdür.Türkmen topragynyň taryha baý sahypalary bu günki gün dünýä taryhçylarynyň hem ünsüni özüne çekýär.

Diýarymyza Baş baýramymyz – Mukaddes Garaşsyzlygyň 33 ýyllyk baýramy ýetip gelýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny bellejek ýylymyzyň her bir güni toýdur baýrama, şatlyk-şowhuna beslenýär. Garaşsyzlygymyza gadam goýanymyz bäri ýurdumyzda bellenilen şanly seneleriň, tutulýan toý baýramlaryň sanasaň sogaby bar. 1991-nji ýylyň altyn güýzünde ata-babalarymyzyň arzuwlan erkinligi mysal boldy. Bu gün öz mähriban, asuda Watanymyzyň Mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyny uly dabara bilen belleýäris. Garaşsyzlyk ýyllarynyň gazananlaryny bir ugra sanap geçmek mümkin däl. Mukaddes Garaşsyzlyk baýramymyzyň göwün galkyndyryjy ýakymly howasy durmuşumyzy gurşap alýar. Bu günler bagtyýarlygyň gujagynda ýaýnaýan her bir raýatyň ýüregi mähriban we Gahryman Arkadagymyza bolan alkyşly sözlerden püre-pürdür. Garaşsyzlyk şapagyny garşylap, özbaşdaklygyna gowşan türkmen halky pederleriniň gursagynda garran arzuw-umytlaryna ýetdi. Gülleýän, gül açýan gözel diýarymyz öz taryhyndaky beýik baýramçylyga – mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly toýuny uly dabaralar bilen garşylaýan döwründe ýalkymly pursatlary başdan geçirýär. Halkymyza erkinligiň sergin şemalyny peşgeş beren Garaşsyzlyk datly miwelerini eçilip, bizi nurly ertire sary alyp barýar. Garaşsyzlyk, Berkarar döwletimiziň täze Galkynyşynyň eýýämi döwründe ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmek we öňde goýlan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekýän halkymyzyň ruhuny belentliklere göterýär. Şanly baýramynyň öňüsyrasynda bir-biri bilen utgaşyp gelýän taryhy wakalar türkmen halkynyň bagtyýarlygyny berkarar döwletimiziň ösüşleriniň aýdyň alamaty bolup ýüreklere ornaýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan ylalaşyklar iki döwletiň we doganlyk halklaryň bähbidine köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge täze itergiler berýär. Munuň özi Garaşsyzlygyň sarpasynyň biziň ýurdumyzda belentdigini ýene bir gezek subut edýär. “Garaşsyzlyk” ýadygärligi Özbegistanyň, onuň edermen we gaýduwsyz, parahatçylyk söýüji, zähmetsöýer halkynyň şanyna dikeldildi. Onuň eteginde “Halkymyzyň taryhynda öçmejek yz galdyran ata-babalarymyzyň müdimilik hakydasyna” diýen sözler ýazylypdyr. Garaşsyzlyk baýramçylygynyň belleniljek günlerinde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde durmuş–medeni ähmiýetli binalaryň birnäçesi dabaraly açylar we ulanylmaga berler. Garaşsyzlyga eýe bolan halkymyz dünýäde özüniň beýik döwletiniň gadyryny bilip, hözirini görüp ýaşaýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýylynyň içinde gazanan üstünliklerimize ser salanymyzda, ençeme işleriň durmuşa geçirilendigine göz ýetirýärsiň. Ýakyn goňşy döwletler bilen giň gerimli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak netijeli halkara gatnaşyklaryň ýoly bilen üstünlikli öňe barýan Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Doganlyk türkmen we özbek halklarynyň öňden gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-biregi goldamak däplerine esaslanýan, strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda möhüm ädimdir.

Türk­men ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni dün­ýä ba­zar­la­ry­na sat­ma­gyň dür­li ugur­la­ry­ny kes­git­le­mek, ýo­ka­ry go­şu­lan ba­ha­ly önüm­le­ri ön­dür­mek, te­bi­gy ga­zy we gaz­hi­mi­ýa önüm­le­ri­ni ýer­le­mek­de ba­zar­la­ryň köp­dür­lü­li­gi­ni ga­zan­mak we­zi­pe­le­ri bar. Mümkinçilikleriň çäginiň giňemegi bilen baglanşykly halkara ykdysady aragatnaşyklar hem Garaşsyzlyk ýyllary içinde uly ösüşlere ýetdi. Ýur­du­my­zyň çä­gi hä­zir tä­ze ug­le­wo­do­rod çig mal­la­ry­ny göz­läp tap­ma­gyň nuk­daý­na­za­ryn­dan uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Nebit we gaz öünmlerinden öndürilýän beýleki zatlaryň satuw derejesiniň hem halkara çäklere çykmagy bolsa, iň ajaýyp, innowasiýon tehnologiýalar bilen sanlaşdyrylýan bu ugruň netijeli işlere badalga bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.Se­bit­de iri po­li­mer za­wo­dy – po­lie­ti­len we po­lip­ro­pi­len önüm­çi­li­gi bo­ýun­ça iri gaz­hi­mi­ýa top­lu­my öz önü­mi­ni çy­ka­ryp baş­la­dy. Şeýle mümkinçilikleriň döredilmegi ykdysady ösüşlerde edilýän işleriň barha giň gerim alýandygyny ýüze çykarýar. Ösen tehnologiýalar häzirki günde beýik derejeleri wada berýär. Bu günki gün Türkmenistanyň halkara derejelerde ösüşleriň haýsy ýerlerindedigini has-da subut edýär. Bu bolsa, halkymyza bu günki eşretli zamananyň netijeli lezzetini görmäge mümkinçilik berýär.

Elbetde ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy halkyň alyn deriniň baýramy. Biziň halkymyz asyrlaryň dowamynda arzuw eden Garaşsyzlygyny almak üçin ellerinde baryny eden Gahrymanlarymyza buýsanýar. Bu ýyl bolsa, Magtymguly Pyragynyň huzurdyna nijeme baýramçylyklaryň geçirilmegi hem şahyryň türkmen Garaşszylygyny arzuw edendigi bilen baglydyr. Ýurdumyz dünýä ýüzünde Garaşsyzlyk ýyllary içinde nebiti we gazy bilen özüni tanatdy. Bu bolsa topragymyzyň aýratyn bereketleidigini aňladýan bir hadysadyr. Halkymyzyň bol- elin durmuşda ýaşamagy üçin Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Garhyman Serdarymyzyň aladalary netijesinde ýurdumyzyň nebit – gaz ulgamy-da görlüp, eşidilmedik derjelere ýetdi. Ýur­du­my­zyň çäk­le­rin­de ne­bit we gaz müm­kin­çi­lik­le­ri hök­mün­de Ha­zar deň­zi­niň türk­men ýal­pak­ly­gy­ny,  gysym ýeri altyna barabar topragymyzda ykdysady ösüşleriň ugry boýunça iş alyp barmakda ýaş hünärmenler bolan biz hem ylymy, bilimi öwrenmek bilen gelejekde ýurdumyzyň ösüşlerine öz goşandymyzy goşmaga taýýarlanýarys. Ýurdumyzda ýerleşýän taryhy ýadygärlikler elbetde tayrhyň salamyny müňýyllyklardan egtirip, häzirki döwürde Garaşszylyk ýyllary içinde bu ýerde dörän ajaýyp muzeýleriň ilata ýetirilmegi bilen belli boldy. Munuň özi taryhymyza goýulýan sarpanyň ýene bir nyşanydyr. Aşgabatdan ýüz kilometr töweregi uzaklykda orta asyra degişli bolan Abywerd şäheriniň galyndylary ýerleşýär. Bu hem özboluşly aýratynlyklary bilen tapawutlanýan taryhy ýerleriň iň ajaýyplarynyň biridir. Türkmenistan hut  Garaşsyzlyk ýyllarynda öz taryhy , gadymy toprakdygy bilen ýüze çykdy. Gadymyýetden şu güne çenli saklanyp galan galyndylar hem-de gap-gaç bölekleri, gündelik hojalyk enjamlary orta we ýokary synp okuwçylary üçin gyzyklandyryjy bolup biler.Taryh hakykatdan hem öz geçmişini ynsanlaryň ömürleri bilen baglaýar. Taryhda ýaşan gahrymanlaryň geçen ýollaryny yzarlasaň, olaryň bu günki gün ýurdumyzda baky yz goýmasy , döwletimiziň Garaşsyz bolmagy üçin eden işleri babatynda köp mümkinçilikler bilen galtaşýar. Topragynyň taryhyny öz ykbaly bilen goşan ynsanlar bolsa, topragyň taryhy ady bilen bile tutulýandyr. Halkymyzy bol- elin durmuşda ýaşatmak üçin bu ugurda uly mümkinçilikler döredilýär. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da nebit we gaz  top­lu­ma san­ly ul­ga­my, şol san­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­ma­gy işe­wür­leş­dir­mek, ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ni düýp­li gaý­ta­dan iş­le­me­giň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, bu pu­da­ga ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­mek işleri anyk wezipeler bilen kesgitlenilip, bu ugurda işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz- Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu döredip berýän mümkinçilikleri biz talyp ýaşlary buýsandyrýar. Biz bolsa, şol sebäpli olara çuňňur hormat bilen sag bolsun aýdýarys!

Mahym GURBANOWA
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
12:56 pm, Jan 31, 2025
temperature icon 3°C
пасмурно
Humidity 87 %
Pressure 1032 mb
Wind 9 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:11 am
Sunset Sunset: 6:27 pm
THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Tehnologiýa we durmuş

6033299d3570e088943339 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Dabaraň daglar aşdy

Soňkylar Makalalar

Milli mirasymyzyň ösüşi

30.01.2025
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler syýasatynyň netijesinde häzirki wagtda ýurdumyzda milli mirasymyzyň, senetçilik däpleriniň, amaly-haşam sungatynyň wagyz

Emeli aňyň ösmegi we täsiri

30.01.2025
Emeli aň geljekçi pikirden gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Esasynda, emeli aň adam akyllylygyny talap edýän wezipeleri ýerine ýetirip bilýän maşynlary we programmalary döretmek

Nanotehnologiýa

30.01.2025
Nanotehnologiýa atom we molekulalaryň derejesinde maddanyň üýtgedilmegi arkaly daş-töweregimizdäki dünýägaraýyşymyzy üýtgedýär. Bu ösen ugur dürli ylym bölümlerini öz içine alýar, şol sanda himiýa, biologiýa,

Elektroenergetika pudagy

30.01.2025
Türkmenistanda elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň degişli Konsepsiýasyna laýyklykda, Diýarymyzyň ähli künjeginde dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman gaz turbinaly elektrik stansiýalary,

Ylym – bilimde sanly tehnologiýalaryň orny

28.01.2025
Täze taryhy döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ylym we tehnologiýalar ulgamyny ösdürmegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlemek bilen, hemmetaraplaýyn özgertmeler ýolunda ynamly
GitTop