Dark
Light
24.01.2026
1587673363 THE ASHGABAT TIMES

Hünär ussatlyk, netijeli işler

06.09.2024

Her bir hünärmeniň zähmet çekýän ýerindäki wezipe borçlaryna düşünip, oňa yhlasly zähmet siňdirmegi gerek. Mugallymçylyk işinde bu jogapkärçilik has hem uly. Munda mugallymyň çaga bilimi terbiýe bilen bilelikde öwretmegi zerur bolup durýar. Munuň üçin bolsa mugallymyň işe bolan höwesiniň, başarnygynyň has-da kämil bolmagy gerek. Bu hakynda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» hem bellenilýär. Has takygy, bilim özgertmelerini has-da işjeňleşdirmek, pedagog işgärleri hünär taýdan taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak, hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek, bilimiň usulyýet binýadyny nazaryýet we amalyýet taýyndan işlemek, okuw-tejribede berkitmek möhümdir. Umumybilim edaralarynda okuwçylaryň okuw ýüküne laýyk getirilen bilimleriň esaslaryny goýmak, olaryň zähmet endikleriniň ösdürilmegi, ýokary ahlak sypatlarynyň, belent adamkärçilik duýgularynyň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň terbiýelenmegi mugallymlaryň hemişe üns merkezinde bolmalydyr.

Her bir ýurduň geljegini onuň ylym-bilimli, sowatly ýaşlary bilen ölçerip bolýar. Şeýle ýaşlary kemala getirmekde ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň eýelän orny diýseň uludyr. Çaga mekdepde okuwçy döwründe, ilki bilen, sowat, soňra bolsa bilim alýar. Orta mekdepde alan bilimlerini ýokary okuw mekdebinde kämilleşdirip, ähli zady ylmy esasda, ylmy tarapdan öwrenýär. Şu ýerde ýokary okuw mekdebiniň mugallymynyň pedagogiki ussatlygy, wezipesi, borçlary ýüze çykýar. Mugallymyň abraýy okuwyň netijeleri bilen gönüden-göni baglanyşykly bolýar. Mugallym üçin ýokary pedagogiki medeniýet örän möhümdir.

Mugallym hoşniýetlilik, zähmetsöýerlik, dogruçyllyk, erjellik, tutanýerlilik, adalatlylyk ýaly oňyn häsiýetlere eýe bolmalydyr. Ýokary okuw mekdebiniň mugallymynyň talyplaryň başarnyklaryna ynanmagy we olaryň öwrenmek isleýän zatlaryny berip bilmegi möhümdir.

Mugallymçylyk işinde halypa-şägirt gatnaşyklaryna hem uly hormat goýulýar. Mugallymçylyk kärine gelen ýaş hünärmenlerimize döwrebap iş usullaryny öwretmekde, tehnologiýalardan peýdalanyp, sapak guramakda hem halypa mugallymlar bilen bilelikde işler alnyp barylýar. Halypa mugallymlar ýaş hünärmenlere degerli maslahatlary berýärler. Olara Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan dörän ajaýyp eserler uly gollanma bolup durýar. Bu bolsa ýaş hünärmenlerimiziň işleriniň kämilleşmegine ýardam berýär.

Yslamberdi TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

wme8qpde9kervhn5dpxemeju2uznwwcdyhwzz58tjf52yyvqovncwod7q9lt 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Garaşsyzlyk — baky bagtymyz

how does an ethernet switch work THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ethernet näme üçin ulanylýar?

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop

Don't Miss