aaaaaaa 2 scaled THE ASHGABAT TIMES

Maşgala – jemgyýetiň esasy gymmatlygydyr!

18.09.2024

Maşgala jemgyýetiň bir düzüm bölegi bolup, ilkinji özara gatnaşyklar onda döreýär we kämilleşýär. Berk maşgalany kemala getirmek babatynda pederlerimiz bize nusgalyk görelde mekdebi bolup durýar. Şöhratly taryhymyzyň dürli döwürlerinde türkmen zenany maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň gönezligi, öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy hasaplanypdyr. Zenanlar geçmişimiziň buýsanjy, şu günümiziň guwanjy, geljegimiziň ynamy bolup, iň asylly häsiýetleri özlerinde jemläp, maşgala mukaddesliklerimizi gorap saklamak bilen, paýhaslylykda, edep-ekramlylykda, salyhatlylykda, asylzadalykda, gaýduwsyzlykda, wepalylykda, watansöýüjilikde türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülipdir.

Maşgala — keramatly, mukaddes ojak. Maşgala — adamlaryň nikadan, garyndaşlygyndan, ogullyga ýa-da gyzlyga almagyndan ýa-da çagalaryň maşgala kabul edilmeginiň başga görnüşinden gelip çykýan adamlaryň şahsy emläk däl we emläk hukuklary we borçlary bilen baglanyşykly toparydygy barada Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde bellenilýär.

Maşgala gurmak adamyň durmuşynda esasy meseleleriň biri. Ony gurmakdan öňürti maşgalada agzybirligi, birek-birege hormat-sylagly gatnaşyklary saklap bilmegiň hakynda oýlanmak zerurdyr. Sebäbi, maşgala kadasy muny berk talap edýär.

Biz çagalarymyza, ilkinji nobatda ata-ene diýmegi öwredýäris. Ata, ene, Watan diýen sözleri çaganyň ilkinji gezek aýtmagy onuň ata- enesine, Watanyna sarpa goýmagynyň başlangyjydyr. Maşgalada ata-ene tarapyndan berilýän edep-terbiýäniň, görkezilýän görüm-göreldäniň üsti bilen çaga jemgyýete uýgunlaşyp, onuň bir agzasyna öwrülýär. Halkymyzyň maşgalada çagany terbiýelemegiň gadymdan gelýän baý tejribesi bar. Maşgalada çagany ahlak we hukuk kadalarynyň talaplaryny berk berjaý edilmegi ugrunda terbiýelenilýär.

THE ASHGABAT TIMES

Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserindäki käbesiniň gyzlary bilen bile oturyp keşde çekýändikleri, jorap örýändikleri baradaky ýatlamalary ene bilen çaganyň arasyndaky mizemez we sarsmaz gatnaşygyň täsirli beýanydyr. Aslyýetinde, dünýäde eneler haçan bagtly bolýarlar? Elbetde, perzentleri il-günüň derdine ýarap, ynsanlaryň alkyşlaryna mynasyp bolan halatynda. Il-günüň asudalygyny, halk agzybirligini, halal zähmetiň dabaralanmagyny ündän, ýurduň ykbalyny öz perzentleriniň ykbalyndan aýry görmedik mähriban käbe — Ogulabat eje ömürlere nusgadyr. Milletiň enelerine, gelin-gyzlaryna ýagşylykda, halallykda, asyllylykda, pespällikde, mähribanlykda, işeňňirlikde, adamkärçilikde görüm-görelde bolup, olara beýik döwre görä ýaşamaga, döretmäge, Watan diýen mukaddesligi gözleriniň görejine deňäp söýmäge itergi beren bu mähriban käbäniň nusgalyk işleri her bir zenanyň hakydasynda janlanýar, ýüreklerde ýaşaýar.

Maýa KULLAÝEWA

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
sse5svjboopf8uzkmv9otbgsampequpyze8ytq4v THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti german kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

maslahat koshgi THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Halk Maslahaty – agzybirligiň berk binýady

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop