Dark
Light
27.01.2026
2bbff893670a58572caca8fa157f93b4 THE ASHGABAT TIMES

Maýa goýum forumy — mümkinçilik giňişligi

15.09.2024

Maýa goýumlar — ykdysady ösüşe itergi berýän esasy faktorlaryň biri. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň bazar gatnaşyklaryna esaslanýan durmuş-ykdysady strategiýasynda maýa goýum işjeňligine uly ähmiýet berilýär. Önümçilik bilen ylmyň arabaglanyşygyny işjeňleşdirmek, innowasion tehnologiýalara esaslanýan pudaklara çekilýän maýa goýumlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi dowam etdirmek, işewürleriň we maýadarlariň üçin gyzyklanmalaryny gazanmak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň möhüm ugurlaryna degişli. Milli ykdysadyýetimizi uzakmöhletleýin esasda ösdürmäge gönükdirilen wezipeler öňdebaryjy ylmy taglymatlar, innowasion tehnologiýalar arkaly ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň mümkinçiliklerini has-da netijeli peýdalanmagy maksat edinýär.

Berkarar Watanymyzda ýokary öndürijilikli hem-de innowasiýalara esaslanýan senagat kärhanalarynyň döredilmegine, aragatnaşyk we ulag-üstaşyr düzümleriniň ösdürilmegine, ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artdyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. Şol taslamalary durmuşa geçirmekde ýurdumyz halkara maliýe düzümleri bilen netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär. Türkmenistan esasy önümçilik kuwwatlyklarynyň tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrylmagyna düýpli maýa goýumlary çekýär. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyna hem-de bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär.

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň, Balkan welaýatynda täze Halkara howa menziliniň, kuwwaty 1574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik bekediniň hem-de önümçilik we durmuş maksatly beýleki iri desgalaryň taslamalary ozal bar bolan düzümleriň üstüni ýetirýär. Diňe bir ildeşlerimiziň däl, eýsem, goňşy ýurtlaryň halklarynyň abadan ýaşaýşynyň üpjün edilmegine, tutuş sebitiň gülläp ösüşine mynasyp goşant goşýan taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň täze taryhy eýýamda belent maksatlary nazarlaýan kuwwatly döwletdigini halkara arenada äşgär edýär.

Dünýä tejribesi ösen döwletleriň üstünligi düýpli maýa goýum serişdeleriniň netijeli özleşdirilmegi bilen baglanyşyklygyny görkezýär. Maýa goýujylaryň serişdeleri ykdysadyýetiň pudaklarynyň ýokary depginini gazanmaga ýardam edýär. Türkmenistanda ykdysadyýetiň pudaklaryna döwlet tarapyndan iri maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Şeýle hem daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekmäge uly ähmiýet berilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde, has takygy, 10-11-nji sentýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň (TIF — 2024) geçirilmeginde özboluşly many bar. Bu forum dünýäniň abraýly halkara guramalarynyňdyr kompaniýalarynyň, maliýe we işewürlik düzümleriniň wekillerini ýurdumyzyň özygtyýarly ösüş ýolunda gazanan ykdysady üstünlikleri, serişdeler kuwwaty hem-de adam maýasynyň mümkinçilikleri bilen içgin tanyşdyrmak arkaly Türkmenistana daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi işjeňleşdirmekde ähmiýeti uly giňişlik boldy.

Forumyň çäklerinde milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň mümkinçiliklerine bagyşlanan mejlisleri geçirildi. Dünýäniň çar ýanyndan döwlet we hususy işewürlik düzümleriň, halkara guramalaryň we maýadarlaryň ýüzlerçesini jemlän forumyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde täze mümkinçiliklere ýol açan meýdança boldy.

Gülşat SÖÝÜNOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

sanly THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Gorag programmirleme görnüşi

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ylym — menzil çyragy

Soňkylar Makalalar

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy

Milli terbiýe – asylly ýörelge

25.01.2026
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanylyp,

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu
GitTop

Don't Miss