mis4 THE ASHGABAT TIMES

MIS

16.09.2024

Tebigatda mis, esasan, birleşmeler görnüşinde duş gelýär. Mis magdanlarynyň düzümine girýän minerallara, esasan, Cu2S – halkozin ýa-da mis ýylpyldysy, CuFeS2 – halkopirit ýa-da mis kolçedany, (CuOH)2CO3 – malahid degişlidir. Käbir beýleki metallar ýaly, tebigatda mis sap görnüşinde hem duş gelýär. Mis beýleki metallardan öň adamyň durmuşyna ornaşdy. Munuň sebäbini tebigatda sap görnüşinde duş gelýändigi we misi işläp bejermegiň ýeňildigi bilen düşündirmek bolar.

 Mis magdanlary düzüminde köp mukdarda boş jynslary saklaýarlar. Bu ýagdaý magdanlardan misi bölüp almaklygy kynlaşdyrýar. Şonuň üçin misiň metallurgiýasynda magdanlary baýlaşdyrmak uly ähmiýete eýedir. Munuň özi misiň az mukdaryny saklaýan magdanlary ulanmaga mümkinçilik berýär. Senagatda halkozini (Cu2S) gaýtadan işlemek bilen misiň öndürilişi aşakdaky hadysalara esaslanýar:1) Halkozini ýakmak. Bu hadysanyň esasynda halkozin mineralyndan Cu2O alynýar. Mineralyň düzüminden kükürt SO2 görnüşinde bölünip aýrylýar: 2 Cu2S + O2 → 2 Cu2O + 2SO2 2) Misiň gaýtarylmagy. Birinji hadysanyň netijesinde Cu2O emele gelýär. Cu2O bilen Cu2S birinji hadysa gatnaşmadyk bölegi özara täsirleşýär. Bu hadysanyň netijesinde mis alynýar: 2Cu2O + Cu2S → 6 Cu + SO2↑ Misi almak üçin onuň duzlaryny elektrolizlemek usuly hem ulanylýar. Bu usul bilen alnan mis has arassa bolýar.

Fiziki häsiýetleri. Arassa mis – açyk gülgüne reňkli, ýumşak, plastik metal. Ol elektrik toguny we ýylylygy oňat geçirýär. Elektrik geçirijiligi boýunça diňe kümüşden soňra durýar. Misiň dykyzlygy 8,96g/sm3-a, ereme temperaturasy 1083°C-a deň.

Himiki häsiýetleri. Mis kesgitli şertlerde sada we çylşyrymly maddalar bilen täsirleşýär.

1.Misiň sada maddalar bilen özara täsiri. Mis ýokary temperaturalarda kislorod, hlor, kükürt ýaly sada maddalar bilen özara täsirleşýär. Reaksiýalaryň deňlemeleri:

Cu + O2 → 2CuO Cu + S → CuS Cu + Cl2 → CuCl2

2.Misiň çylşyrymly maddalar bilen özara täsiri. Mis metallaryň elektrohimiki güýjenme hatarynda wodoroddan soňda ýerleşýär. Şonuň üçin mis kislotalaryň düzüminden wodorody gysyp çykarmaýar. Duz we gowşadylan kükürt kislotalary bilen mis täsirleşmä gatnaşmaýar. Ýöne, howanyň kislorodynyň gatnaşmagynda bu kislotalarda mis ereýär. Meselem: 2Cu + 4HCl + O2 → 2CuCl2 + 2H2O

Organizimde mis ösümlikler we haýwanlar üçin zerur mikroelementdir. Misiň esasy biohimiki funksiýasy fermentatiw reaksiýalarda aktiwator hökmünde ýa-da mis saklaýan fermentleriň düzümine gatnaşmagydyr. Ösümliklerdäki misiň mukdary 0,0001-den 0,05% (gury maddasy) çenli ýetýär we ol ösümligiň görnüşine hem-de toprakdaky misiň mukdaryna baglydyr. Optimal konsentrasiýalarda mis ösümligiň sowuga çydamlylygyny artdyrýar, onuň gögermegine we ösmegine ýardam edýär. Haýwanlaryň arasynda käbir oňurgasyzlarda mis has köp bolýar. Adam organiminde misiň mukdary (gury massanyň 100 gramyna) bagyrda 5 mg, süňklerde 0,7 mg, bedeniniň suwuklygynda – ganda 100 mkg (100 ml-inde), oňurga ýiliginiň suwuklygynda 100 mkg bolup biler.

Medisinada mis sulfaty we nitraty trahomany bejermekde antiseptik serişde hökmünde ulanylýar. Mis sulfatynyň ergini derini fosfor ýakanda peýdalanylýar.

Maýsa BABAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň   
Agrosenagat orta hünär okuň mekdebiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:51 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
4 31 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

SÜÝT ÖNÜMLERINIŇ TAÝÝARLANYLYŞY

84e13f3dc3f6ea32c421cd5a9bae3933 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň nebit gaz pudagyndaky ýeten belent sepgitleri

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop